Sepleriň elýeterliligi

Tramp ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatlarynyň sanyny azaldany üçin, Putine minnetdarlyk bildirdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

10-njy awgustda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýurtdaky ýüzlerçe amerikan diplomatik işgärleriniň sanyny azaltmak talabynyň wajyp däldigini ýaňzytdy we ABŞ-nyň töleg sanawnamasyny azaltmakda bitiren işi üçin, Putine minnetdarlyk bildirdi.

Nýu Jersiýdäki golf merkezinde dynç alýan Tramp habarçylaryň öňünde çykyş edip, Putiniň amerikan diplomatlarynyň sanyny azaltmak boýunça gelen kararyna ilkinji gezek jogap berdi. Orsýetiň çäklendirmeleri Sowuk urşuň ozalky iki garşydaşynyň arasynda şu wagta çenli amala aşyrlan iň uly göwrümli çäklendirmedir.

Trampyň eden çykyşy Orsýet bilen Trampyň kampaniýasynyň arasynda boldy diýilýän gizlin hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan derňewleriň gyzyşan wagtyna gabat geldi. Bu mesele boýunça-da Tramp özüniň biperwaýdygyny ýaňzytdy we FBI-de alnyp barylýan derňewler bilen ilteşiklikde özüniň ozalky kampaniýa ýolbaşçysynyň öýüniň dökülmegine “geň galandygyny” aýtdy.

Eýsem Putiniň 755 diplomatyň iş ornuny ar-alyşly çäklendirmeginiň Döwlet departamentiniň býudjetini üçden bir bölek möçberinde azaltmak maksatnamalarynyň iş ýüzünde gazanylmagyna ýardam berjekdigi barada Trampyň eden gürrüňleriniň degişmedigi ýa-da däldigi oňa sorag bilen ýüzlenen habarçylara anyk mälim bolmady.

Tramp: “Men oňa sagbolsun aýtmak isleýärin, sebäbi biz onsuzam töleg sanawnamasyny azaltmaga synanyşýardyk. Men oňa bir topar adamy yzyna ugradany üçin gaty minnetdarlyk bildirýärin, sebäbi indi biziň aýlyk tölemeli adamlarymyzyň sany azaldy. Olara yza gaýdara hiç hili sebäp ýok. Biz gaty köp pul tygşytlarys” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň geçen ýyl 35 rus diplomatyny Orsýetiň amerikan saýlawlaryna gatyşdy diýilmegine garşy çäre görüp ýurtdan kowmagyna jogap hökmünde, Putiniň geçen aý Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçihanasynyň we konsulhanasynyň işgärleriniň sanyny azaltmak boýunça eden talaby garaşylýan karardy.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw agetnlikleri Orsýet kiber hüjümleriň üsti bilen Trampyň ýeňiş gazanmagyna ýardam berjek boldy we dokumentleri syzdyryp, onuň garşydaşy Hillari Klintona zyýan ýetirjek boldy diýip netije çykaransoň, ozalky prezident Barak Obama dekabr aýynda rus diplomatlarynyň ýurtdan kowulmagyna we Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky iki sany daçasyny olaryň ellerinden alynmagyna buýruk beripdi.

Adalat departamentinde Orsýetiň saýlawlara gatyşygy boýunça alnyp barylýan derňewlere bu ýyl ýörite prokuror Robert Mýuller ýolbaşçylyk edip başlady. Ol ýaňy-ýakynda agzalýan mesele boýunça grand žuriniň sanawyny düzüpdi.

Kongresiň binýadyndaky düzümleriň ‘orsýetli mesele’ boýunça aýrybaşga derňewleri alyp barmagy, geçen aý Kongresde Orsýete garşy girizilen sanksiýalaryň kanunçylygynyň berkidilmegi ugrunda görlen taryhy çärä goşant goşdy.

Tramp agzalýan kanuna göwünli-göwünsiz gol çekdi we derňewleri gaýta-gaýta “jadygöý awçylygy” atlandyryp, olaryň Orsýet bilen öz kampaniýasynyň arasynda gizlin hyzmatdaşlygyň bolmandygy ýa-da nähilidir bir kemçilige ýol berilmändigini ýüze çykarjakdygyny aýdyp geldi.

10-njy awgustda Tramp özüniň ozalky kampaniýa ýolbaşçysy Pol Manafortyň öýünde geçen aý FBI-niň geçiren reýdine geň galandygyny aýtdy.

Ol: “Bular ýaly ýagdaý örän seýrek bolýar. Men muňa haýran galdym” diýip, Manafortyň öz kampaniýasyna “örän gysga wagtlyk ýolbaşçylyk edendigini” sözüniň üstüne goşdy.

Tramp: “Men bu gaty güýçli yşarat diýip pikir etdim” diýdi.

Manafort özüniň hiç hili gabahatynyň ýokdugyny aýdýar. Ol Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň syýasy partiýasy bilen gatnaşyk saklaýan ekeni. Ýanukowiç 2014-nji ýylda öz ýurdundan gaçyp çykdy we häzirki wagtda Orsýetde ýaşaýar.

Ozalky we iş başyndaky diplomatlar Moskwanyň Orsýetdäki amerikan diplomatlarynyň sanyny ymykly azaltmagy boýunça Trampyň aýdan belliklerine geň galandyklaryny aýdýarlar.

Prezident Jorj. W. Buşyň döwründe Döwlet departamentinde üçünji derejeli resmi bolup işlän Nikolas Börns Roýterse beren gürrüňinde “Eger-de ol degişýän bolsa, onuň özi gowy bilýändir” diýdi. “Eger-de çyny bilen aýdýan bolsa, onda bu ýagdaý ozal görlüp-eşidilmedik ýagdaý. Hiç haçan hiç bir prezident biziň diplomatlarymyzyň ýurtdan kowulmagynyň tarapyny tutup çykyş etmändi” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Iş başyndaky diplomatlardan biri anonimlik şertinde Roýterse beren gürrüňinde Trampyň edýän gürrüňlerine departamentiň işgärleriniň “hopugyp aň-taň bolandyklaryny” aýtdy.

Döwlet departamenti bu meseleler boýunça dessine resmi derejede reaksiýa bildirmedi.

XS
SM
MD
LG