Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarlotswildäki ganly awtoulag hüjüminden soň raýat hukuk derňewi açyldy


Ýerli ýaşaýjylar ganly wakadan soň şem ýakyp, doga-dileg edýärler.
Ýerli ýaşaýjylar ganly wakadan soň şem ýakyp, doga-dileg edýärler.

ABŞ-nyň federal sülçüleri Şarlotswilde akýagyz milletçileriň we aşa sagçy aktiwistleriň gapma-garşylykly protestçiler bilen bolan ýygnanyşygy mahalynda mähelläniň üstünden maşyn sürülmegine getiren sebäpleri anyklamak üçin graždan hukugy derňewni açandyklaryny aýdýarlar.

12-nji awgustda protestçiler mähellesiniň üstünden sürlen awtoulag 32 ýaşyndaky bir aýaly öldürdi we ýene 19 adamy ýaralady.

Polisiýa awtomobiliň sürüjisiniň 20 ýaşyndaky Jeýms Aleks Filds (James Alex Fields) bolandygyny aýdýar. Ol biraz soňra tussag edildi we ikinji derejede adam öldürmekde, şol sanda bilkastdan adam ýaralamakda aýyplandy. Ol golaýdaky Ohaýa ştatynda ýaşaýan eken.

Hadysanyň wideoýazgysy awtomobiliň uly tizlik bilen adamlaryň üstünden sürülişini we sürüjiniň adamlary ýykyp-ýaralap, başga iki maşynyň yzyndan urup, soň yzlygyna sürüp gidişini görkezýär.

Wirjiniada akýagyz milletçilere garşy protestçileriň üstünden maşyn sürüldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Resmiler çaknyşyklar mahalynda Wirjinianyň döwlet harbylarynyň iki sanysynyň dikuçar heläkçiliginde ölmegi hem protestler bilen baglanyşykly diýýärler. Wirjinianyň döwlet polisiýasynyň sözçüsi Korinna Geller pilot bilen ýolagçynyň dikuçaryň ýykylmagy netijesinde ölendigini aýtdy.

ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions “Şarlotswildäki zorluk we ölümler amerikan kanunynyň we adalatynyň ýüregine urlan zarba” diýdi.

"Haçanda jynsparazlyk yňdarmalygyndan we ýigrençden şunuň ýaly hereketler edilende, olar biziň esasy gymmatlyklarymyza ikilik edýärler we muňa çydamlylyk edilmez” diýip, Sessions sözüniň üstüni ýetirdi.

Sessions wakanyň bolan ýerinde FDB-nyň direktory Kris Wreý (Chris Wray), FDB agentleri we wirginialy resmiler gürleşendigini aýtdy.

"FDB elýeterindäki ähli faktlary we subutnamalary toplar we bu bir dowam edýän derňew bolansoň, häzirki pursatda biz başga zat aýdyp biljek däl” diýip, Wirjinianyň Riçmonddaky Federal derňew býurosynyň meýdan bölüminiň beýanatynda aýdylýar.

Şol gün biraz öň, akýagyz milletçiler bilen olaryň garşydaşlarynyň arasynda çaknyşyk bolandan soň, Wirjinianyň gubernatory Terry McAuliffe adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin Milli gwardiýanyň goşunlary getirildi.

Şarlotswildäki resmiler 12-nji awgustdaky sagat-ganat ýygnanyşyga, şäheriň general, Amerikan Raýat urşy döwründe konfederat harby lider bolan Robert E .Liiň (Lee) heýkelini aýyrmak baradakykararyna garşy protest geçirilmegine rugsat berdiler.

Emma 12-nji awgustda irden, köçede bolan çaknyşyklardan soň, ýygnanyşyga berlen rugsat ýatyryldy.

Adamlaryň üstüne maşyn sürülmezinden biraz öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp adamlary birleşmäge çagyrýan twitter messajyny iberdi.

“Biziň ählimiz birleşmeli we ýigrenji aňladýan ähli zady ýazgarmaly. Amerikada munuň ýaly zorluga orun ýok. Geliň birleşeliň we bir adam ýaly bolup gideliň!” diýip, Tramp aýtdy.

Tanymal demokratlaryň, raýat hukuk aktiwistleriniň köpüsi, käbir respublikaçylar Trampy akýagyz milletçileriň şol proteste goşulan käbir toparlaryny, şol sanda neo-nasistleri we Ku Kluks Klan agzalaryny ýazgarmazlykda tankyt edtiler.

Senator, respublikanlaryň prezidentlige kandidaty bolmak üçin Tramp bilen bäsleşige çykan Marko Rubio (Respublikaçy-Florida) twitterde "Milletiň [Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň] Şarlotswildäki wakalary nähili sypatlandyrýandygyny eşitmegi örän möhüm” diýdi. Onuň pikiriçe, prezident olaryň nämedigini, bu wakanyň “akýagyz supermsistleriň terror hüjümidigini ýa däldigini” aýtmaly.

ABŞ-nyň senatory Kori Gardner (Respublikaçy-Kolorado) bolsa twitterde: “Jenap prezident, biz şeri şer diýip, öz ady bilen atlandyrmaly” diýip ýazdy we “Bular akýagyz supermasistler we bu içerki terrorizm boldy” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ozalky prezident Bil Klinton bolsa tiwtterde "Hatda söz we ýygnanyşmak azatlygyny goraýan-da bolsak, biz ýigrenji, zorlugy we ak supermasistligi ýazgarmaly” diýdi.

XS
SM
MD
LG