Metbugat azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Azerbaýjanyň hökümetiniň salgytdan gaçmak aýyplamalaryny ulanyp, ýurtdaky iň soňky garaşsyz neşire -“Turan” habar agentligine azar bermegini ýazgardy.
“Turan” 11-nji awgustda salgyt resmileriniň özlerini 2014-nji ýyldan bäri öz girdejileri barada maglumat bermezlikde aýyplap, 37 müň manatdan gowrak ($20,000) salgyt we jerime töleglerini talap edýändigini habar berdi.
“Häkimiýetleriň Azerbaýjanda şindi hem işini dowam etdirýän iň soňky garaşsyz neşiri nyşana almagy diňe wagtyň işidi” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Biir aýtdy.
Azerbaýjan resmileri “Turanyň” garşysyna açylan jenaýat derňewine7-nji awgustda başladylar we şol günüň ertesi habar agentliginiň edaralarynda barlag geçirmek üçin salgyt inspektoryny iberdiler diýip, “Turan” aýtdy.
“Turan” habar agentligi bu aýyplamalary ret edýär.
“Bu derňewler abraýly habar gullugyny maliýe taýdan çökermek maksady bilen geçirilýär” diýip, Biir aýtdy. “Biz häkimiýetleri ýurtdaky iň soňky garaşsyz metbugat seslerini ýanamagyny bes etmäge hem-de “Turanyň” derňewini duruzmaga çagyrýarys” diýip,
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.