Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Burkina Fasonyň hökümeti 'terrorçylykly hüjümde 18 adamyň wepat bolandygyny aýtdy


Ouagadougou şäheriniň merkezinde ýerleşýän Aziz Istanbul restorany, Burkina Faso
Ouagadougou şäheriniň merkezinde ýerleşýän Aziz Istanbul restorany, Burkina Faso

Günbatar Afrika döwleti Burkina Fasonyň hökümeti “terrorçylykly hüjüm” diýip atlandyran wakada 18 adamyň wepat bolandygyny we 20 çemesi adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Howpsuzlyk güýçleri Ouagadougou şäheriniň merkezinde ýerleşýän türk restoranynda bolan hüjümine gatnaşan azyndan iki sany hüjümçini öldürdiler diýlip, hökümetiň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Aragatnaşyk ministri Remi Dandjinou pidalaryň dürli ýurtlaryň raýatlarydygyny, azyndan biriniň fransiýaly we ýene biriniň türkiýelidigini aýtdy.

13-nji awgustda başlanan we 14-nji awgustda tamamlan hüjümiň jogapkärçiligini dessine hiç kim öz üstüne almady.

Şaýatlar Aziz Istanbul restoranyna azyndan üç sany hüjümçiniň baryp, onuň içindäki adamlary oka tutandygyny habar berdiler.

2016-njy ýylda söweşijileriň golaýdaky kafe eden hüjüminiň netijesinde 30 adam wepat bolupdy.

Burkina Faso dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň biri hasaplanylýar. Onuň demirgazyk goňşusy Mali uzak wagtyň dowamynda yslamçy ekstremistlere garşy göreşýär.

XS
SM
MD
LG