Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ zerur bolsa Demirgazyk Koreýa garşy 'ähli mümkinçilikleri' ulanmaga taýýar


Birleşen Ştatlaryň Ýolbaşçylar ştabynyň başlygy general Josef Danford we Günorta Koreýanyň goranmak ministri Song Young-moo. 14-nji awgust, 2017 ý. Seul

Birleşen Ştatlaryň Ýolbaşçylar ştabynyň başlygy Günorta Koreýanyň prezidentine, Demirgazyk Koreýa garşy ABŞ-nyň harby mümkinçiliklerini dolulygyna ulanmaga taýýardygyny aýtdy diýip, ştabyň metbugat wekili habar berdi.

14-nji awgustda general Josef Danford Seulda Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in we harby resmileri bilen duşuşdy.

“Danford Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketalarynyň we ýadro maksatnamalarynyň tutuş halkara jemgyýetçiligine wehim salýandygyny nygtady” diýip, Birleşen Ştatlaryň harby sözçüsi kapitan Darrin Jeýms aýtdy.

Sözçi Danfordyň ABŞ-y we ýaranlaryny goramak üçin, ýurduň harby kuwwatyny dolulygyna ulanmaga taýýardygyny ýaňzydandygyny mälim etdi.

Bu aralykda, Moonyň metbugat wekili Demirgazyk Koreýa babatynda taýýarlanan harby çäreleriň syýasy we diplomatik sanksiýalar netijesiz bolan ýagdaýynda ulanyljakdygy barada, Danfordyň aýdandygyny žurnalistlere habar berdi.

Demirgazyk Koreýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ‘ot-alawly’ duýduryşlaryň fonunda Danford şu hepde Hytaý bilen Ýaponiýa-da sapar eder.

Moon ýarym adada uruş gaýtalanmaly däl diýip, Demirgazyk Koreýa bilen çykgynsyz dikleşikde taraplary asudalyga çagyrdy.

“Biz Koreýa ýarym adasynda ýene-de bir urşuň turmagyna asla-da ýol berip bilmeris” diýip, Moon aýtdy. Koreýa ýarym adasynda 1950-53-nji ýyllarda bolan konflikt 1 million adamyň ölümine we ýarym adanyň bölünmegine getirdi.

Demirgazyk Koreýanyň amala aşyran iň soňky raketa barlagyna jogap hökmünde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp öz ýurdunyň haýbatlara “dünýäde ozal görlüp-eşidilmedik ot-alaw we gazap” bilen gaýtawul berjekdigini duýduransoň dartgynlylyk güýjäpdi.

Öz gezeginde Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Ýuwaş ummanyndaky Guam adasyna raketa zarbasyny urmak bilen haýbat atypdy.

Iki ýurduň arasyndaky söz çekeleşigi dünýäde howsala hüşgärligine ýol açdy we dünýä liderleri, şol sanda Hytaýyň prezidenti Si Jingping taraplary asudalyga çagyrdy. Hytaý Demirgazyk Koreýanyň söwda hyzmatdaşy we iň möhüm ýaranydyr.

Muňa garamazdan, Phenýan Pekini ynjalyksyzlandyryp başlady we 5-nji awgustda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýadro maksatnamalary sebäpli Demirgazyk Koreýa garşy girizen sanksiýalaryny Hytaý hem tassyklady.

Täze sanksiýalaryň talaplaryna laýyklykda, Hytaý Demirgazyk Koreýadan satyn alýan demir, magdan, kömür, balyk ýaly önümleri we beýleki harytlary import etmegini öňümizdäki üç hepdäniň dowamynda bes etjekdigini 14-nji awgustda mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG