Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan täze 50 müň somlyk puly dolanyşyga girizer


50 müň somluk täze pul
50 müň somluk täze pul

Özbegistanyň Merkezi Banky pul hasaplaşygyny ýeňilleşdirmek üçin täze 50 müň somlyk puly çykarmak kararyny yglan etdi.

Merkezi Bankyň 14-nji awgustda mälim etmegine görä, täze pul 22-nji awgustda dolanyşyga giriziler.

Täze puluň hümmeti ýurduň Merkezi bankynyň kursuna laýyklykda 12 amerikan dollaryna barabar bolar, gara bazardaky nyrha görä, 7 amerikan dollaryna barabar bolar.

Häzirki wagtda Özbegistanda iň ýokary hümmetli pul banknotasy bolan 10 müň som ýylyň başynda dolanyşyga girizilipdi.

XS
SM
MD
LG