Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly pälwanlar Eýranda 9 medal gazandy


Sport türgenleşigi, Aşgabat
Sport türgenleşigi, Aşgabat

Türkmenistanyň göreş boýunça ýaşlaryň ýygyndy komandasy Eýranda geçirilen ýaryşda 9 medal gazandy.

Türkmen metbugatyna görä, 11 ýurduň 110 sportsmeniniň gatnaşmagyndaky ýaryşda türkmen pälwanlary bir altyn, bir kümüş we ýedi sany bürünç medal gazanypdyr, şeýle-de toparlaryň arasynda umumy hasapda üçünji orun eýeläpdir.

Türkmenistan üçin altyn medaly 60 kilogram agramly sportsmenleriň arasynda ýaryşan Şamuhammed Gurbanow gazandy. Atabeg Begmyradow kümüş medal gazandy.

Göreş 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 halkara sport bäsdeşliginiň programmasyna girýär.

XS
SM
MD
LG