Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarlotswil hüjüminden soň Tramp jynsparazlygy ýazgardy, protestler dowam edýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Wirginia ştatynda ak jynsparazlyga garşy demonstrasiýa geçiren zenanyň ölümi sebäpli tutaşan protestleriň dowam edýän wagtynda, 14-nji awgustda eden çykyşynda jynsparazlygy berk ýazgardy.

“Jynsparazlyk zalymlykdyr we onuň adyndan zorlugy tutaşdyrýanlar jenaýatçylar we garakçylardyr” diýip, Tramp 14-nji awgustda žurnalistlere aýtdy.

Tramp Ku Klux Klan, neonasist guramalary we ak jynsparazlar “amerikanlaryň gorap saklaýan gymmatlyklary üçin ýaramaz” diýdi.

12-nji awgustda bir awtoulagyň Şarlotswil şäherinde aşa sagçylaryň ýörişine garşy protest bildiren adamlaryň üstüne sürülmeginiň netijesinde 32 ýaşly Heather Heyer wepat boldy we 19 adam ýaralandy.

Tramp ýüze çykan zorluklar barada hepdesoňy eden ilkinji çykyşynda, ekstremistleri ýörite ýazgarmazlykda ýiti tankyt edildi.

14-nji awgustda Tramp şeýle tankytlary köşeşdirmäge çalşanam bolsa, onuň bellikleri ýurtda dowam edýän dartgynlylygy gowşadyp bilmedi. Birnäçe şäherde aşa sagçy toparlara garşy protestler dowam etdirilýär.

Tramp ýanwar aýynda prezidentlik wezipesine girişenden soň Manhattandaky öýüne eden ilkinji saparynda-da protestçiler onuň yzyndan galmady. “Trump Tower” binasynyň öňünde müňlerçe protestçi ellerine “impiç, ýagny sud edilsin!”, “ýalany we ýigrenji bes et!” diýen ýazgyly plakatlary alyp hatara düzüldiler we “masgara, masgara, masgara” diýşip gygyryşdylar.

Demirgazyk Karolina ştatynda protestçiler Konfederasiýa esgeriniň tas bir asyrlyk heýkelini ýykdylar. Agzalýan heýkel Birleşen Ştatlarda 1860-njy ýyllarda bolan raýat urşunda Günortada-da gulçulygyň saklanyp galmagy ugrunda söweşen adamlaryň simwolydy.

Şarlotswil şäherinde birmeňzeş Konfederasiýa heýkelini ortadan aýyrmak baradaky planlar bu şäherde ak jynsparazçylar bilen diskriminasiýa garşy çykyş edýän protestçileriň arasynda gapma-garşylykly harçaňlaşmalary tutaşdyrdy.

Kentaki, Tennesi we beýleki ştatlarda Şarlotswildäki wakalardan ýüreklenen gubernatorlar we şäher häkimleri öz ştatlaryndaky Konfederasiýa heýkelleriniň hem ýykylyp aýrylmagynyň tarapyny tutup çykyş etdiler.

Ýurduň dürli künjeginde jynsparazlygyň simwollaryna garşy protestler dowam edýärkä, sagçy toparlar ýörişleri we ýygnanyşyklary gurnap, öz seslerini eşitdirmegi dowam etjekdiklerine ant edýärler.

Florida uniwersiteti ak prowokator Riçard Spenser geljek aýda uniwersitetde çykyş etmäge rugsat sorady diýdi.

Ýöne “Tehas A we M” uniwersiteti öňümizdäki aýda “aklaryň durmuşy many aňladýar” şygary astynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýörişleri ýatyrdy. Ýörişde esasy çykyş etmeli adamlaryň hatarynda Spenseriň çykyşy göz öňünde tutulýardy. Abraýly ýokary okuw jaýy bolan Tehas uniwersiteti ýörişi ýatyrmak planyny Şarlotswilde bolan heläkçilikden soň howpsuzlyk ýagdaýlaryna esaslandyrdy.

14-nji awgustda ýygnanan adamlaryň üstüne awtoulagyny sürmekde aýyplanýan adama garşy ‘bilkastlaýyn adam ýaralamak’ boýunça gozgalan üç sany aýrybaşga jenaýat işi we ‘heläkçiligiň bolan ýerini terk etmek’ boýunça gozgalan bir derňew işiniň netijesinde oňa “ikinji derejeli adam öldürmek” maddasy boýunça resmi günä ýöňkeldi.

20 ýaşly Jeýms Aleks Fieldiň wideo şekilli sud diňlenişiginde onuň türmeden muzdly boşadylmagy boýunça beren arzasy ret edildi.

Federal derňewçiler agzalýan heläkçilikli hadysa boýunça raýat hukuk işini gozgandyklaryny aýtdylar.

Ýüzlerçe ak milletparaz general Robert. E Liniň heýkelini ýykmak boýunça Şarlotswil şäher häkimliginiň alan kararyna protest bildirmek üçin ýygnandylar. Amerikan raýat urşuna gatnaşan Robert E. Li Konfederasiýanyň harby liderlerindendi.

Olara gapma-garşylykly protestçiler we anti-faşistler garşy çykýarlar. Ýörişler soňlugy bilen zorlukly bulam-bujarlyklara ýol açdy.

Aradan az wagt geçensoň, Heýeri we beýleki demonstrantçylary awtoulag kakdy.

Hadysanyň bolan ýerinde düşürilen wideoda bir awtoulag ýokary tizlikde gelip, köp sanly adamy ýaralaýar, soňra şol ulag yzdaky iki maşyna baryp urýar we yza basylyp ýokary tizlikde wakanyň bolan ýerinden uzaklaşýar.

Ak jynsparazlar toparynyň geçiren ýörişine gatnaşan Fieldsiň ýörişde düşürlen suraty bar. Onuň mekdep mugallymlaryndan biri 20 ýaşly Fieldsiň Nasizmiň owsunyna düşendigini we ol 9-njy klasda okaýarka “aşa jynsparaz pikirleri” bilen mekdep resmileriniň ünsüni çekendigini aýdýar.

Polisiýanyň resmileri çaknyşyklar dowam edýän mahalynda, heläkçilige uçran dikuçarda wepat bolan iki wirginiýaly harbynyň ölümi hem protestler bilen ilteşikli diýilýär. Wirginiýa ştatynyň polisiýa departamentiniň metbugat sözçüsi Korinne Geller dikuçar heläkçiliginde bir ýolagçy bilen uçarmanyň wepat bolandygyny aýtdy.

Zorlugyň tutaşmagynyň yz ýany Tramp halky jebislige çagyrdy we zorlugyň pidalaryna gynanç bildirdi. Ýöne birnäçe demokrat we respublikanlar ýüze çykan zorluklar barada çykyş etmek üçin köp garaşdy diýip, prezidente närazylyk bildirdiler. Şeýle-de, olar prezidentiň eden çykyşynda aç-açan ak jynsparazlary ýazgarmaga derek “zorluga dürli taraplaryň” baş goşandygyny aýtmagy bulam-bujarlykly tolgunyşygy tutaşdyrdy diýip tankyt etdiler.

14-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň “Merсk” derman firmasynyň başlygy Ak tamyň binýadyndaky täjirçilik mejlisinden çekilýändigini mälim etdi. Ol: “Amerikanyň liderleri biziň esasy gymmatlyklarymyzy hökman sylamaly we ýigrenje meçew berilmegini, kör fanatizmi we topar jynsparazlygy aç-açan ret etmeli. Sebäbi bu zatlar ‘hemmeler deň’ diýen Amerikan idealyna gabat gelmeýär” diýdi.

Asly afrikaly amerikan Kennet Frazier: “Men ‘Merckiň’ başlygy hökmünde hem-de wyždanyma diň salyp, ekstremizme we çydamsyzlyga garşy çykmagy özüme jogapkärçilik hasapladym” diýdi.

14-nji awgustda iki iri amerikan korporasiýalarynyň başlyklary – “Inteliň” başlygy Braýn Krzaniç we “Armouryň” başlygy Kawin Plank Trampyň “Amerikan Önümçilik mejlisinden” çekilip, Fraziere goşuldylar.

XS
SM
MD
LG