Azerbaýjanyň salgyt resmileri ýurduň “Turan” täzelikler agentliginiň Bakudaky edarasynda reýd geçirdiler.
Salgyt departamentiniň salgyt bilen bagly jenaýatçylyklaryň öňüni almak boýunça gullugynyň wekilleri 16-njy awgustda täzelikler agentliginiň edara jaýyna baryp, dokumentleri ele saldylar.
Şeýle-de olar garaşsyz täzelikler agentligiň işgärleriniň şahsy zatlaryny barladylar, emma bu barlaglary wideo almagy gadagan etdiler.
Resmiler “Turan” agentligi babatynda salgytdan gaçmak aýyplamasy esasyndaky işi 7-nji awgustda başladylar. Derňewçiler agentligiň 2014-2016-njy ýyllaryň aralygynda 37 müň manat (21500 amerikan dollary) möçberde puly salgytdan ýaşyrandygyny güman edýärler.
1990-njy ýylda düýbi tutulan “Turan” agentligi häkimiýetleriň aýyplamalaryny ret edýär we olary syýasy matlaply atlandyrýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.