Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozision lider Omurbek Tekebaýew 8 ýyl tussaglyga höküm edildi


Oppozision lider Omurbek Tekebaýew we onuň bilen bilelikde sud edilýän Duişonkul Hotonow, Bişkek
Oppozision lider Omurbek Tekebaýew we onuň bilen bilelikde sud edilýän Duişonkul Hotonow, Bişkek

Gyrgyzystanyň sudy oppozision lider Omurbek Tekebaýewe we onuň bilen bilelikde sud edilýän Duişonkul Hotonowa para almakda günä bildirip, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Tekebaýewiň tarapdarlary Bişkegiň sudunyň 16-njy awgustda çykaran kararyna protest bildirdiler. Tekebaýew öz tarapdarlaryna “Ahli zat gowy bolar!” diýip ýüzlendi.

Omurbek Tekebaýewiň “Ata Meken” partiýasy öz liderine garşy gozgalan işi syýasy matlaply diýip atlandyrýarlar we onuň esasy maksadynyň syýasatçyny güýzde geçiriljek saýlawlardan çetleşdirmekden ybaratdygyny aýdýarlar.

Derňewçiler Tekebaýewiň we ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça öňki ministri Hotonowyň 2010-njy ýylda orsýetli biznesmenden 1 million amerikan dollary möçberinde para alandygyny aýdýarlar.

Tekebaýew we Hotonow özlerine ýöňkelen aýyplamalary ret etdiler.

“Ata-Meken” partiýasynyň Gyrgyzystanyň prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde öňe süren kandidaty Tekebaýew fewral aýynyň aýagynda tussag edildi.

XS
SM
MD
LG