Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barselonada azyndan 13 adam wepat body


Barcelona, 17-nji, 2017.
Barcelona, 17-nji, 2017.

Barselonanyň merkezinde awtoulagyň märekäniň üstüne sürmegi zerarly azyndan 13 adamyň wepat bolandygy we 80 çemesi adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Polisiýa bu hadysany terrorçylykly hüjüm diýip hasaplady we terrora garşy çäreleriň planyny amala aşyryp başlady.

Bu hadysa Kataloniýa meýdançasynyň golaýyndaky Rambla köçesinde ýüze çykdy.

Häkimiýetler ulagy adamlaryň üstüne sürmekde güman edilýän iki adamyň tussag edilendigini, şübhe astyna düşen bir adamyň atylyp öldürlendigini habar berdiler.

Bu hadysanyň sebäpleri barada maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG