Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen Hytaý ABŞ-a Demirgazyk Koreýa garşy harby konflikte ýol bermezligi duýdurýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Un we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Un we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp.

17-nji awgustda Orsýet bilen Hytaý, Waşigton – Phenýan arasynda möwjeýän haýbatlar “yza gaýdyp bolmajak derejä” baryp ýeter diýip, Birleşen Ştatlaryny Demirgazyk Koreýa garşy harby çäre görmezlige çagyrdylar.

Bu mesele dogrusynda Moskwa bilen Pekiniň ýaýradan aýrybaşga beýanatlary Birleşen Ştatlaryň harby liderleriniň ýene-de bir gezek, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary boýunça geçirilýän gepleşikler şowsuz bolan ýagdaýynda, oňa garşy harby “çäreleri” taýýarlandyklaryny mälim etmekleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis 17-nji awgustda Waşingtonda ýaponiýaly ministrler bilen geçiren howpsuzlyk gepleşiklerinden soňra: “Eger-de [Demirgazyk Koreýa] duşmançylyga ýüz ursa, munuň güýçli harby netijeleri bolar” diýdi.

Mattisiň çykyşy Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň geçen hepde, eger-de Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlara haýbat atsa “ot-alaw we gazaba” duçar bolar diýen duýduryşlaryny şöhlelendirdi. Trampyň duýduryşlary Phenýanyň Ýuwaş ummanyndaky Guam adasyna ballistik hüjümi göz öňünde tutýandygyny aýdyp çykyş etmegine ýol açdy.

Iki ýurduň arasyndaky haýbatlar Moskwa bilen Pekinde howsala ýagdaýyny ýokarlandyrdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sözçüsi Mariýa Zaharowa 17-nji awgustda Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda: “Koreýa ýarym adasyndaky meseleleri güýç bilen çözmek boýunça islendik synanyşyk köpçülikleýin tragediýa we ägirt uly gyrgynçylyga ýol açar” diýdi.

Ol: “Parahatçylykly çözgütden başga ýol ýok” diýdi. Pekin hem şol pikirde.

Birleşen Ştatlaryň Ýolbaşçylar ştabynyň başlygy Josef Danford 17-nji awgustda Koreýadaky ýagdaýlar boýunça Pekinde Hytaýyň Merkezi harby komissiýasynyň wise-ýolbaşçysy Fan Çanglong bilen duşuşdy.

Fan Birleşen Ştatly generala Hytaýyň Phenýan dawasyny çözmegiň ýeke-täk ýolunyň gepleşikler üsti bilen boljagyna ynanýandygyny aýtdy diýip, Hytaýyň goranmak ministrligi mälim etdi.

“Hytaý ýarym adadaky meseläni çözmekde dialogyň we maslahat geçirmegiň ýeke-täk çäre bolup durýandygyna ynanýar we muňa harby çözgüt alternatiwa bolup bilmez” diýip, ministrlik Fany sitirledi.

21-nji awgust wakalaryň aýratyn ähmiýetli çatrygy bolar, sebäbi şol güni Birleşen Ştatlar we Günorta Koreýa iki ýurduň on müňlerçe harbysynyň gatnaşmagyndaky ýyllyk harby tälim-türgenleşigine başlar.

Demirgazyk Koreýa agzalýan harby-okuw türgenleşigine öz ýurduna garşy basybaljylykly çozuşa taýýarlyk hökmünde garaýar. Şol bir wagtda Hytaý Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryny we ballistik raketalaryny barlamagyny bes etmeginde Birleşen Ştatlaryň göz öňünde tutulýan harby türgenleşigi ýatyrmagyna çagyrýar.

Ýöne Danford 17-nji awgustda türgenleşigi ýatyrmagyň mümkin däldigini aýtdy.

“Meniň ýolbaşçylara maslahatym, biz tälim-türgenleşikden el çekmeli däl. Bu harby türgenleşik ýaranlarymyzyň özlerini goramak mümkinçiliklerini saklap bilmekleri üçin örän wajyp” diýip, Danford aýtdy.

Ol: “Demirgazyk Koreýanyň howpuna garşy biz oňa gaýtawul bermäge ýokary derejede taýýarlykly bolmaly” diýdi.

Öz gezeginde Demirgazyk Koreýa hem ýarag barlaglaryny togtatmagyň mümkin däldigini 17-nji awgustda mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň BMG-däki missiýasy, ýurduň ilçisi Ja Song Namyň guramanyň baş sekretary Antonýu Guterriş bilen telefon söhbetdeşliginde: “Birleşen Ştatlaryň duşmançylykly syýasaty we ýadro haýbatlary dowam etdigiçe, Phenýan asla özüniň gorag maksatly ýadro ýaraglaryndan el çekip, ylalaşyk stolunyň başyna geçmez” diýendigini habar berdi.

Orsýetiň harby konflikte garşy eden agyr duýduryşlary Trampyň baş syýasy strategiýaçysy Stiw Bannonyň şu hepde eden çykyşynyň ýaňy ýaly bolup eşidilýär. Ol Trampyň beýleki geňeşçilerinden tapawutlylykda, Birleşen Ştatlaryň Koreýada harby çäre görmegi realistik alternatiwa däl diýdi.

Bannon “American Prospect” žurnalyna beren interwiýusynda: “

Aňlatmanyň häzirki zaman ýaraglarynyň ulanylmagynyň ilkinji 30-njy minutynda Seulda 10 million adamyň ölmejekdigini maňa görkezýän tarapyny kimdir biri çözýänçä, ol ýerde harby çärä ýüz urup bolmaz, siziň näme barada gürrüň edýäniňizi bilemok. Olar bize düşündiler” diýdi.

XS
SM
MD
LG