Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar näme üçin daşary ýurtlarda saglygyny bejerdýärler?


Saglyk hyzmatlarynyň resmi metbugatda görkezilişi.
Saglyk hyzmatlarynyň resmi metbugatda görkezilişi.

Soňky wagtlarda Türkmenistanda raýatlaryň Türkiýe, Hindistan, Eýran we Rusiýa ýaly ýurtlarda saglygyny bejertmäge ýykgyn edýändigi aýdylýar. Olaryň arasynda tanymal şahsyýetleriň, döwlet işgärleriniň we daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň hossarlary, tanyş-bilişleri hem bar.

Golaýda meşhur aýdymçy Myrat Öwezow özüniň sosial mediadaky sahypalarynda ejesiniň suratyny goýup, Hindistana saglyk meselesi üçin gidýändigini ýazdy.

Eýsem, türkmenistanlylary saglygyna daşary ýurtlarda seretdirmäge mejbur edýän sebäp ýa-da sebäpler näme? Hassalar Türkmenistandaky hassahanalarda nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Migrantlar näme üçin hossarlarynyň saglygyna daşary ýurtlarda seretdirýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny raýatlaryň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralarynda başdan geçirýän tejribelerine gönükdirýär. Gepleşikde daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryndan Bahar, Rozybaý we Maýa dagy öz tejribelerine salgynalyp, Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky saglyk hyzmatlaryny deňeşdirýärler.

Gepleşigi diňläp, öz tejribeleriňizi we teklipdir-garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.

Türkmenistanlylar näme üçin daşary ýurtlarda saglygyny bejerdýärler?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG