Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Biz nädip gün görmeli, ogurlyk ýa talaňçylyk edelimi?!"


Gurluşyk meýdany.
Gurluşyk meýdany.

Salam Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow.

Ýurdumyzda ,,Aziýada 2017'' sport ýaryşynyñ başlanmagyna 1 aýa golaý wagt galdy. Ýaryşyñ asuda we abraýly geçirilmegi gowy zat. şonuñ üçin siziñ serhedi ýapmak we daşary ýurtlara wagtlaýynça gitmezlik hakdaky kararlaryñyz bilen oñuşmak kyn däl. oba oglanlary köp wagt bäri işsiz ýörler. iñ bolmanda gurluşykda agyr şertlerde işläýin diýseñ hem şeýle işler hem tapdyryp duranok.

biz nädip gün görmeli. aýlykly ýa-da beýleki gazanç etmäge iş tapdyrmaýanlary. ogurlyk ýa talañçylyk edelimi?!

Bu biziñ Berkarar döwlete eýe boldugymyzmy?! hiç bir jenaýat etmejek adamy jenaýata iteklär ýaly ýagdaýa (,,ýurdumyzyñ halkyny)..getirdiñiz.

siz meniñ aýdanlarymy ýalan diýip hiç aýdyp bilmersiñ. Ýa sizi öz ynamdar adamlaryñyz aldaýarmy. halkymyz iş bilen doly üpjün diýip.

Hemme ýerde Olimpiýada geçensoñ iş bolar diýip umyt edýär. oña çenli 40 güne golaý wagt bar.

şu pulsuz ýagdaýymyzda ýekeje günümiziñ nähili geçýändigini bir bilsediñiz...

Eger habaryñyz bolmadyk bolsa indibir eşidip bize ýagny ,,Mähriban halkyña,,ýokarda agzalan hupbatlardan gutulmaga kömek edäýiñ!!!hormatlamak bilen RAÝATYÑ.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG