Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Aziýa oýunlary geçýänçä spirtli içgileriň söwdasyny çäklendirdi


Türkmenabat, içgi dükany.
Türkmenabat, içgi dükany.

Türkmenistanyň dükanlarynyň tekjelerinden alkogolly içgiler ýitirim boldy.

Orsýetiň “Nowosti” habar gullugynyň ýurtdaky çeşmä salgylanyp berýän maglumatyna görä, söwda nokatlarynyň eýelerine Aziýa oýunlarynyň ahyryna çenli alkogolly içgileri satmagyň gadagan edilýändigi barada dilden görkezme berildi.

“Aşgabatdaky dükanlaryň biriniň satyjysy alkogolly içgileriň sdatuwa oktýabrdan bärde çykarylmajagyny aýtdy” diýip, habar agentligi ýazýar.

Bu habar iňlis dilindäki neşirlerde hem peýda boldy, www.outlookindia.com neşiri alkogolly içgileriň oktýabra çenli “jemgyýetçilik düzgün-tertibini berjaý etmek” üçin satylmajakdygyny ýurduň Söwda ministrligindäki ady aýdylmaýan resmä salgylanyp habar berdi.

XS
SM
MD
LG