Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp halka eden ilkinji ýüzlenmesinde, Owganystandaky amerikan ýaragly güýçleriniň derejesi hakda beýanat berdi, şeýle hem Pakistana regiondaky ekstremistik toparlary goldamazlygy duýdurdy.
Ol özüniň Owganystan boýunça täze strategiýasyny umumy görnüşde beýan edip, ýaragly güýçleriň sany ýa-da indiki harby işjeňlikler baradaky planlar hakda maglumat bermejekdigini aýtdy.
Tramp Waşingtonyň golaýynda ýerleşýän harby baza Fort Myerde 21-nji awgustda eden çykyşynda, uruşda “ýeňiş gazanmagy” wada edip, strategiýanyň ol ýerdäki ýagdaýlara esaslanjakdygyny bildirdi.
“Owganystandan basym çekilmegiň näme netijelere getirjekdigini öňünden görüp bolýar hem-de ol kabul ederliksiz. 9/11 biziň ýurdumyzda bolan terrorçylykly hüjümleriň iň ýaramazydy. Ol Owganystanda planlaşdyrylyp, şol ýerden dolandyryldy. Sebäbi ol ýurdy terroristlere rahatlyk we pena berýän hökümet dolandyrýardy. Howul-hara çekilmek terroristlere boşluk döreder. “Yslam döwleti” we Al-kaýda 2001-nji ýylyň sentýabr aýyndan öň edişi ýaly, bu boşlugy derrew doldurar. Biz 2011-nji ýylda amerikanyň Yrakdan çalt çekilenini bilýäris. Netijede, biziň kynçylyk bilen gazananlarymyz duşman terroristleriň eline düşdi” diýip, Tramp aýtdy.
Trampyň çykyşyny NATO ýaranlary bilen Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani oňat garşyladylar. Gani Trampyň beýanatynyň “Owganystanyň esasy ýaranynyň global konfliktde wadasynda berk durandygyny” görkezýändigini aýtdy.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg hem Trampyň “täze, ýagdaýlara esaslanýan çemeleşmesini” taryplap, ýaranlygyň maksadynyň “Owganystanyň gaýtadan biziň öz ýurtlarymyza hüjüm etjek terroristleriň penahanasyna öwrülmezligini üpjün etmek bolup durýandygyny” aýtdy.
Prezident Pakistanyň owgan talybany ýaly ekstremistik toparlara penahana hödürlemegine Waşingtonyň mundan artyk çydam etmejekdigini bildirdi.
“Biziň täze strategiýamyzyň indiki diregi Pakistan bilen iş salyşmagyň ugurlaryny üýtgetmek. Biz Pakistanyň Talybana, regiona we beýleki ýerlere howp salýan toparlara penahanadygy hakda mundan artyk dymyp bilmeris. Pakistan biziň Owganystandaky tagallalarymyza goşulsa, köp zady gazanar. Jenaýatçylary we terroristleri penalamagy dowam etdirse hem köp zady ýitirer” diýip, Tramp aýtdy.
Pakistan terroristlere pena berýär diýilýän gürrüňleri ret edýär.
Trampyň Pakistan boýunça tutan berk tutumyny analizçileriň käbiri taryplasa, käbirleri bu strategiýany tankytlap, jikme-jik maglumatyň kemçilik edändigini we öňki prezident Barak Obamanyň başa barmadyk çärelerini ýatladýandygyny aýdýarlar.
Trampyň çykyşyndan soňra Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis Amerika bilen beýleki ýurtlaryň Owganystana köpräk esger ibermeklerini teklip etdi.
“Men NATO-nyň baş sekretary we beýleki ýaranlarymyz bilen pikir alyşmakçy. Olaryň hem birnäçesi ýaragly güýçleriniň sanyny artdyrmagy wada etdiler” diýip, Mattis aýtdy.
Tramp Amerikanyň 2001-nji ýyldan bäri uruş alyp barýan regiony baradaky syýasatyna köp wagtlap şübheli garap gelipdir.
Ol eden çykyşynda özüniň “ilki başky instinktiniň” Owganystandan çekilmek bolandygyny, ýöne wezipe başyna gelensoň, meseläni öwrenip, başga netijä gelendigini aýtdy.
Tramp “munuň bolup-bolmajagyny hiç kim bilmese-de”, Talyban bilen parahatçylyk ylalaşyk barada hem gapyny açyk goýdy.
Amerikanyň döwlet sekretary Reks Tillerson Waşingtonyň “öňünden hiç bir şert goýmazdan owgan hökümeti bilen Talybanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini goldamaga taýýardygyny” aýtdy.
Talybanyň sözçüsi Zabiullah Mujahid bolsa Trampyň beýanatyny “köne” we “aýdyň däl” diýip ret etdi.
“Amerika ýaragly güýçlerini Owganystandan çekmese, Owganystan basym bu 21-nji asyryň iň güýçli döwletine ýene bir mazar bolar” diýip, Mujahid aýtdy.
Tramp eden çykyşynyň dowamynda Pakistanyň köne bäsdeşi bolan Hindistany owgan urşuna köpräk goşulmaga çagyrdy.
Ol özüniň “Hindistan bilen bolan strategik ýaranlygy mundan beýläk-da ösdürmek” isleýändigini mälim edip, “Deliniň Owganystan barada bize köpräk kömek etmegini gazanmaly, aýratyn-da ykdysady we ösüş ugrunda” diýdi.
Kabulyň iň ýakyn ýaranlarynyň biri bolan Hindistan kömek we infrastruktura proýektleri üçin Owganystanda milliardlarça dollar çykdajy etdi.
Owganystanda Birleşen Ştatlaryň häzir 8400 esgeri bar. NATO hem ýurtda takmynan 5000 esger saklaýar. 2010-11 ýyllarda bolsa amerikan esgerleriniň sany 100 müň töweregidi.