Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Talybanyň hüjüminde bäş adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy


Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gah şäherinde janyndan geçen bombaçy partladyjy serişde ýerleşdirilen ulagy partlatdy.
Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gah şäherinde janyndan geçen bombaçy partladyjy serişde ýerleşdirilen ulagy partlatdy.

Owganystanyň günortasyndaky durnuksyz Helmand welaýatynda janyndan geçeniň amala aşyran bomba hüjüminde bäş adam öldi we başga-da azyndan 38 sanysy ýaralandy diýip, resmiler we saglyk işgärleri aýdýarlar.

Helmand welaýat häkimliginiň metbugat wekili Omar Žwakyň aýtmagyna görä, 23-nji awgustda Laşkar Gah şäherindäki baş polisiýa edarasynyň golaýynda ýerleşen duralgada janyndan geçen bombaçy partladyjy serişde ýerleşdirilen ulagy partlatdy.

Helmand welaýat polisiýasynyň başlygy Abdul Gafar Safai partlamada zähmet haklaryny almak üçin bir ýere jemlenen polisiýa ofiserleriniň we esgerleriniň nyşana alnandygyny aýtdy.

Telewideniýede hüjümden soň, birnäçe harby ulagyň weýran bolandygy görkezildi.

Resmiler ölenleriň arasynda çagalaryň, aýallaryň we esgerleriň bardygyny aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy. Bu waka Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Owganystanda söweşijilere garşy göreşmek üçin ABŞ-nyň harbylarynyň ýurtda saklanjakdygyny aýtmagyndan bir gün soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG