Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Nemsowyň ýadygärligini goran aktiwist keselhanada ýogaldy


Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Iwan Skripniçenko Boris Nemsowyň ýadygärliginiň öňünde, Moskwa
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Iwan Skripniçenko Boris Nemsowyň ýadygärliginiň öňünde, Moskwa

Janyna kast edilip öldürlen syýasatçy Boris Nemsowyň Moskwdaky wagtlaýyn ýadygärliginiň öňünde hüjüme sezewar bolan adam hukuklaryny goraýjy orsýetli aktiwist, onuň hossarlarynyň aýtmagyna görä, keselhanada ýogalypdyr.

Iwan Skripniçenko 23-nji awgustda, ikinji gezek keselhana düşüp, ýogaldy, 15-nji awgustda hüjümçi onuň burnuny döwdi diýip, Andreý Margulew 25-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Memorialdaky tragediýa” diýip Margulew Twitter ulgamynda ýazdy.

Aktiwiste garşy edilen hüjüm Orsýetiň öňki premýer-ministri we prezident Wladimir Putiniň açyk tankytçysy Boris Nemsowyň atlyp öldürilmeginden 900 gün geçende amala aşyryldy.

Nemsowyň 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýynda öldürlen ýerinde onuň hatyrasyna döredilen wagtlaýyn ýadygärlikde tarapdarlary nobatlaýyn gözegçilik edýärler.

XS
SM
MD
LG