Janyna kast edilip öldürilen orsýetli syýasatçy Boris Nemtsowyň hatyrasyna dikeldilen wagtlaýyn ýadygärligiň goragyndaka, üstüne edilen hüjümden hukuk goraýjy aktiwist hassahanada aradan çykdy diýip, aktiwistiň dostlary aýdýar.
15-nji awgustda hüjüm edilip burny döwlen Iwan Skripniçenko şondan bäri ikinji gezek hassahana ýerleşdirildi we bejerginiň ikinji gününde, ýagny 23-nji awgustda ol aradan çykdy diýip, Andreý Margulew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi.
“Ýadygärlikde tragediýa. Iwan düýn wepat boldy” diýip, Margulew 25-nji awgustda irden, özüniň Twitter hasabynda ýazdy.
Hüjüm prezident Wladimir Putiniň ady belli garşydaşy, premýer-ministriň ozalky birinji orunbasary Nemtsowyň 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýyndaky köprüde ýakyn aralykdan atylyp öldürülmeginiň gününe gabat geldi.
Hökümetiň tankytçylarynyň Kreml başgaça pikirlenýänleri sem etjek bolýar diýýän wagtynda, Nemtsowy hatyralamak üçin, aktiwistler onuň atylyp öldürilen ýerinde wagtlaýyn ýadygärlik galdyrdylar.
Ýadygärlige ýygy-ýygydan huligançylykly hüjüm edip gelýärler.
Iýul aýynda Moskwanyň sudy Nemtsowyň öldürülmegi bilen bagly jenaýatda çeçenistanly 5 adama ýyl kesdi, ýöne olaryň dogan-garyndaşlary we tanyşlary buýrugyň has ýokardan berlendigine ynanýarlar. Olar ganhorçylygyň aňyrsyndaky adam ýa-da adamlar anyklanyp jezalandyrylýança adalatly karar alyndygy bolmaz diýýärler.
Hökümetiň tankytçylary ozalky jenaýatlarda, şol sanda 2006-njy ýylda derňewçi žurnalist Anna Politkowskaýanyň ölümi boýunça jenaýatkärler asla jezalandyrylmaz diýip şübhelenýärler, sebäbi çynlakaý derňewleriň soňunyň Moskwanyň penasyndaky çeçen lideri Ramzan Kadyrowa ýa-da Putiniň hökümetine çykjakdygyna ynanylýar.
Media maglumatlarynda Tamara Lugowyh atly beýleki bir aktiwistiň, “örän gaharjaň” adam 15-nji awgustda ýadygärlige gelip, Skripniçenkonyň üstüne gygyryp başlady we soňra onuň urup burnuny döwdi diýendigi habar berilýär.
Wakanyň gözli şaýatlary hüjümçiniň “Näme, sen Putini halaňokmy!?” diýip gygyrandygyny aýdýarlar.
Döwlet eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar agentligi 36 ýaşly Skripniçenkonyň hüjümden soň Moskwadaky Sklifosowskiý tiz kömek hassahanasyna ýerleşdirilendigini we ertesi güni onuň hassahanadan çykarylandygyny habar berdi.
Nemtsowyň ýadygärligini goran beýleki bir aktiwist Margulew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Skripniçenkonyň 22-nji awgustda ýene-de başga bir hassahana ýerleşdirilendigini we 23-nji awgust güni ir sagat 3:00-da aktiwistiň hassahananyň Tiz kömek bölüminde aradan çykandygyny habar berdi.
Media maglumatlarynda Margulewiň jesediň barlag netijeleriniň entek elýeterli däldigini, ýöne Skripniçenkonyň gan lagtasyndan ölen bolmagynyň ahmaldygyny aýdandygy habar berilýär.