Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrantlary Türkiýede nähili ýagdaýlarda aldawa düşýärler?


Türkmenabat. Migrasiýa gullugynyň welaýat bölüminiň agzyndaky nobat. 2012 ý.
Türkmenabat. Migrasiýa gullugynyň welaýat bölüminiň agzyndaky nobat. 2012 ý.

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän kyn ýagdaýlary barasynda yzygiderli ýagdaýda maglumat berilýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlaryndan gelip gowuşýan köp sanly islegleri göz öňünde tutyp, Türkmenistandan iş wadasy bilen getirilip, aldawa salynýan adamlaryň ykballaryna gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlary Arslan, Rozybaý we Arzuw Türkiýede aldawa salynýan türkmen migrantlarynyň öz durmuş tejribeleri bilen utgaşykly bolan taraplaryny gürrüň bermek bilen, bu ýagdaýyň düýp sebäbi we çözgütleri baradaky pikirlerini Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri bilen paýlaşýarlar.

Gepleşigi diňläp, aşakdaky foruma öz teswirleriňizi galdyryp bilersiňiz.

Türkmen migrantlary Türkiýede nähili ýagdaýlarda aldawa düşýärler?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG