Britan polisiýasy özleriniň Londondaky Bakingham köşgüniň daş işiginde üç sany polisiýa ofiserine hüjüm eden gylyçly adam bilen ilteşiklilikde ikinji adamy hem tussag edendiklerini aýdýar.
30 ýaşyndaky adam günbatar Londonda “toparlanyşyga gatnaşmakda, terrorçylyga taýýarlanmakda ýa meçew bermekde” güman edilip saklandy diýip, polisiýa 27-nji awgustda aýtdy.
25-nji awgustda bir adam Londanda, patyşa aýalyň remi rezidensiýasynyň golaýynda polisiýanyň awtoulagynyň üstüne maşyn sürdi we ýeňil ýaralanan üç polis ofiseri tarapyndan tussag edildi.
Polisiýa 26 ýaşyndaky erkegiň wakanyň bolan ýerinde tussag edilendigini we onuň 1-nji sentýabra çenli tussaglykda saklanjakdygyny aýtdy.