Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin dzýuda ýaryşy we Orban bilen gepleşik geçirmek üçin Wengriýa barýar


Rus prezidenti Wladimir Putin we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban. 2-nji fewral, 2017 ý.
Rus prezidenti Wladimir Putin we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban. 2-nji fewral, 2017 ý.

Rus prezidenti Wladimir Putin dzýuda ýaryşy, şeýle hem premýer-ministr Wiktor Orban bilen gepleşik geçirmek üçin 28-nji awgustda Wengriýa gelýär.

Bu Putiniň üstümizdäki ýyl Ýewropa Bileleşigine we NATO ýaranlygyna agza döwlet bolan Wengriýa eden ikinji saparydyr. Wengriýa Ýewropa Bileleşiginde durýan beýleki döwletler bilen deňäniňde, Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyk saklaýar.

Kremliň bildirmegine görä, Putin dzýudo boýunça Budapeştde geçýän Dünýä çempionatynyň açylyş dabarysyna gatnaşar, şeýle hem Orban bilen “iş duşuşygyny” geçirer.

Dzýudo boýunça gara guşakly Putin Halkara dzýudo federasiýasynyň hormatly prezidenti.

Habarlarda aýdylyşyna görä, Wengriýanyň ýeke-täk ýadro elektrik stansiýasynyň ösdürilmeginde Orsýetiň oýnan roly üçin, Debresen uniwersiteti tarapyndan Putine hormatly raýat sylagy berler.

Orban 2014-nji ýylda Moskwa eden saparynda, Budapeştin 130 kilometr günortasynda Paksda ýerleşýän stansiýany giňeltmek üçin, 10 milliard ýewro karz pul almak boýunça Orsýet bilen ylalaşdy.

Saparyň dowamynda Putiniň Ýewropa Bileleşiginde Orsýete iň ýakyn durýan ýurt bolan Wengriýa bilen gatnaşyklary güýçlendirmäge synanyşjakdygyna garaşylýar.

Orban ýygy-ýygydan Putini taryplaýar. Tankytçylar bularyň ikisiniň-de raýat hukuklary we metbugat erkinligi ýaly dürli meselelerde halkyň protestlerini ýatyrmak üçin şol bir çärelerden peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

Brýussel bilen Wengriýanyň goňşulary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyk Ukrainanyň içki işlerine garyşmagy sebäpli 28 agzaly Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalarda bileleşigiň agzybirligine zyýan ýetirmegi mümkin diýip alada bildirýärler.

Orsýet 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny bikanun özüne birikdirdi. Ol şeýle-de Kiýewdäki hökümete garşy alyp barýan uruşlary gündogar Ukrainada 10 müňden agdyk adamyň ölümine sebäp bolan separatistleri goldaýar.

Putiniň fewralda eden öňki saparynda Orban Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýet arasyndaky gatnaşyklaryň ýakyn geljekde gowulanmagyna umyt bildirip, ähli taraplary hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

Şonda Orban Günbatar Ýewropada “anti-Orsýet” syýasatynyň moda öwrülendigini, ýöne özüniň bu tutumda üýtgeme bardygyny görýändigini aýtdy.

Putin fewralda Wengriýa gelende, müňlerçe adam protest geçirip, Orbany ýurdy “putinleşdirmegi” bes etmäge çagyrdylar.

Orsýet Krymy basyp alaly bäri Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlaryň arasynda Putini çagyranlaryň sany gaty az.

Ol soňky gezek maý aýynda Fransiýa gelip gitdi.

XS
SM
MD
LG