Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň guramasynyň Moskwada bina gurmak mümkinçiligine seredendigi aýdylýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

2015-nji ýylda, şeýle hem 2016-njy ýylyň başlarynda Trampyň prezidentlik ugrunda kampaniýa alyp barýan mahaly onuň guramasy Moskwada Tramp Diňini gurmak barada gepleşik geçiripdir. Muny kongresiň derňewçilerine beren hasabatynda paş eden, Amerikan mediasynyň habar bermegine görä, Trampyň adwokaty.

Şol wagtda Tramp guramasynyň baş geňeşçisi bolan adwokat Maýkel Koheniň wekiller palatasynyň aňtaw komitetine beren iki sahypalyk hasabatynda aýtmagyna görä, bu iş “niýet haty” derejesine ýetensoň, “dürli söwda sebäplerinden ötri” goýbolsun edilipdir.

Mediada Koheniň hasabatda aýdanlaryna salgylanylyp, Moskwada Tramp Diňini gurmak baradaky gepleşikleriň Trampyň prezidentlik kampaniýasy bilen “ilteşiginiň” ýokdugy aýdylýar. Ýöne Kohen bu niýet barada Trampy “üç gezek” habarly edipdir. Tramp hem 2015-nji ýylyň oktýabrynda myhmanhana toplumyny gurmak maksatlarynyň bardygy hakda bir hata gol çekipdir.

Medianyň habarynda Koheniň orsýetli dellal Feliks Sateriň maslahaty boýunça prezident Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskowa e-mail iberip, bu mesele barada ondan kömek sorandygy aýdylýar.

Wekiller palatasynyň Aňtaw komiteti 2016-njy ýylda geçen prezident saýlawlaryna Orsýetiň garyşyp-garyşmandygyny, şeýle hem Orsýet bilen Tramp kampaniýasynyň arasynda sazlaşyk bolup-bolmandygyny barlaýan kongrese degişli komissiýalaryň biri.

Trampyň guramasy Koheniň hasabaty baradaky habarlara jogap berip, Moskwada Tramp Diňini gurmak baradaky ýerine ýetirilmegi hökmany bolmady niýet hakda 2015-nji ýylyň oktýabrynda Moskwanyň I.C. Expert Investment kompaniýasy bilen bir dokumente gol çekişilendigini tassyklady.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, “uly öňegidişlik bolmansoň” bu iş goýbolsun edilipdir.

Tramp Diňiniň Moskwada gurulmagy baradaky niýet hakda ilkinji bolup 27-nji awgustda habar beren “Washington Post” gazeti boldy.

“New York Times” gazeti hem 28-nji awgustda ilki Sater hakda maglumat berdi. Ol bir e-mailde bina ylalaşygy Trampyň saýlanmagyna kömek eder diýip öwünipdir.

Sater Kohene iberen e-mailinde: “Biziň oglanymyz Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolar. Biz muny gurnarys. Muny satyn almak üçin, Putiniň toparyndan ähli zady alaryn. Bu prosesi ýola goýaryn” diýip ýazypdyr.

Orsýetli immigrant Sater Tramp Toweri maliýeleşdirmek hakda “VTB Bank” bilen ylalaşandygyny aýdypdyr. Bu bank bolsa Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Amerika tarapyndan sanksiýa girizilen guramalaryň biridi.

Kohen Wekiller palatasynyň komitetine beren iki sahypalyk hasabatynda Sater teklip edeninden soňra Peskowa e-mail iberendigini aýdýar.

Öz aýtmagyna görä, bu e-maile jogap gelendigi, proýekt hakda Peskow ýa ors hökümetiniň beýleki resmileri bilen başga gatnaşyklaryň bolandygy Koheniň ýadynda däl.

XS
SM
MD
LG