Sepleriň elýeterliligi

Pentagon: Owganystanda ABŞ-nyň 11 müň harbysy bar


ABŞ-nyň Owganystandaky harbylary

Pentagon ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň sanynyň çak edilýäninden has ýokarydygyny mälim etdi. Bu prezident Donald Trampyň Owganystan babatyndaky täze strategiýasynyň çäginde ýene-de goşmaça müňlerçe esgeri ýollamak baradaky kararynyň öň ýanyndan yglan edildi.

Pentagonyň baş ştabynyň ýolbaşçysy general-leýtenant Kennet Makkenziniň (Kenneth McKenzie) beren maglumatyna görä, häzir Owganystanda ABŞ-nyň 11 müňe ýakyn harbysy bar.

Mundan ozal Pentagon Owganystanda 8 müň 400 harbysynyň bardygyny aýdypdy. Bu çäk ozalky prezident Barak Obamanyň administrasiýasy tarapyndan kesgitlenipdi.

XS
SM
MD
LG