Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz sudy tussaglykdaky oppozision lider üçin jemlenen gollaryň ret edilmegini makullady


Tussaglykdaky oppozision syýasatçy Omurbek Tekebaýew
Tussaglykdaky oppozision syýasatçy Omurbek Tekebaýew

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy tussaglykdaky oppozision syýasatçy Omurbek Tekebaýewiň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrylmagyny sorap, onuň tarapdarlarynyň toplan müňlerçe golunyň Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan ret edilmegini makullady.

31-nji awgustda Saýlaw komissiýasy Tekebaýewiň Ata-Meken partiýasynyň ýygnan, takmynan 39 müň golunyň ýokary sud tarapyndan güýçsüz diýlip kabul edilendigini habar berdi.

15-nji oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş edýän kandidatlar azyndan 30 müň gol toplamaly, atiýaç üçin 1 million som (14.600 $) möçberinde pul serişdesini tölemeli we gyrgyz dili synagyny üstünlikli tabşyrmaly.

Kanunyň talaplaryna laýyklykda, gollar diňe dalaşgäriň saýlaw fondunyň maliýeleşdirilmeginde ýygnalyp bilinýär diýip, Saýlaw komissiýasy mälim etdi we Tekebaýewiň kampaniýasynda bu kanunyň talabynyň berjaý edilmändigini aýtdy.

22-nji awgustda Arza-şikaýatlar boýunça sud Saýlaw komissisiýasynyň kararyny makullansoň Ata-Meken partiýasy Ýokary suda şikaýat bilen ýüz tutupdy.

Tekebaýew fewral aýynda tussag edilipdi. Ata-Meken partiýasy mart aýynda Tekebaýewi partiýanyň adyndan prezidentlik wezipesine dalaşgärlige hödürläpdi. Ol “para almak” boýunça jogapkärçilige çekildi we 16-njy awgustda sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Tekebaýew özüniň günäsizdigini aýdýar. Almazbek Atambaýewiň hökümeti saýlawlaryň öňüsyrasynda garşydaşlaryny çäklendirmek we Tekebaýewi saýlawlara gatnaşmakdan mahrum etmek üçin ony sud jogapkärçiligine çekdi diýip, Tekebaýew we onuň partiýasy aýdýar.

Prezidentlige dalaşgärleriň ahyrky sanawy 10-njy sentýabrda jemgyýetçilige äşgär ediler.

2011-nji ýylyň dekabryndan bäri ýurdy dolandyrýan Atambaýewiň ikinji möhlete prezidentlige dalaş etmegini ýurduň konstitusiýasy gadagan edýär.

Atambaýew 21-nji awgustda prezidentlige dalaş etmek üçin premýer-ministrlik wezipesinden çekilen ýaranyny, Suronbaý Jenbekowy goldaýandygyny aç-açan aýdýar.

Jenbekowy goldamak bilen prezidentlik wezipesinden hyýanatçylykly peýdalandy diýilýän aýyplamalary Atambaýew 30- njy awgustda ret etdi we saýlawlary “bimaza etmäge” synanyşýan islendik adama dekabrda wezipeden çekilmänkä özüniň “berk çäre görjekdigini” duýdurdy.

Tekebaýew bilen Atambaýewiň ikisi hem 2010-njy ýylda protestçiler tarapyndan wezipeden çetleşdirilen awtoritar prezident Kurmanbek Bakiýewden soňra häkimiýet başyna geçen wagtlaýyn hökümetiň agzalarydy.

Bakiýewden öňki prezident Askar Akaýew hem 2005-nji ýylda köçe protestleri bilen wezipeden kowlupdy.

XS
SM
MD
LG