Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seul Demirgazyk Koreýa basyşy güýçlendirmek üçin ähli tagallany etjegini aýdýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Phenýanyň soňky ýadro synagyndan soň, Günorta Koreýa prezidenti Moon Lae-iniň ýolbaşçylygynda milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Milli howpsuzlyk direktory Çung Eui-yong Seulyň Phenýana basyşy güýçlendirmek üçin mümkin bolan ähli tagallany etjekdigini, şol sanda BMG-nyň täze sanksiýasynyň girizilmegine çenli çäre görjekdigini aýtdy.

"Biziň Birleşen Ştatlar bilen ýaranlygymyz barada aýdylanda, biz ABŞ-nyň iň kuwwatly amerikan strategiki harby aktiwleriniň [Koreýa ýarymadasyna] ýerleşdirilmegi hakynda maslahat ederis" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bu ýadro synagynyň “kabul ederlik” däldigini aýtdy.

Ýapon hökümetiniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster Ýaponiýanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň baş direktory Şotarou Taniuçi bilen telefonda gepleşdi.

McMaster Waşingtonyň Ýaponiýany goramaga, şol sanda özüniň ýadro saklaýjy faktory bilen berk durmaga ygrarlydygyny ynandyrdy diýip, beýanatda aýdylýar.

Hytaýyň daşary işler ministrligi Demirgazyk Koreýany “ýalňyş” hereketlerini bes etmäge hem-de BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalaryny sylamaga çagyrdy.

Russiýa ýadro synagynyň “berk ýazgaryşa mynasypdygyny” aýtdy we gyzyklanýan taraplary “gyssagly dialoga dolanmaga” çagyrdy.

XS
SM
MD
LG