Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý BRIKS döwletlerini “dünýäni dolandyrmakda has işjeň” rol oýnamaga çagyrdy


Hytaýyň prezidenti Şi Jinping (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin.
Hytaýyň prezidenti Şi Jinping (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin.

Koreýa ýarymadasynda täze dörän dartgynlygyň täsiri astynda duran sammitde Hytaýyň prezidenti Şi Jinping BRIKS döwletleriniň ýolbaşçylaryny barha artýan söwda proteksionizmine garşy göreşde birleşip, “dünýäni dolandyrmakda has işjeň” rol oýnamaga çagyrdy.

Şi eden çykyşynda ýyllyk sammite Hytaýyň Şiamen şäherine ýygnanan Braziliýanyň, Orsýetiň, Hindistanyň we Günorta Afrikanyň liderlerine ýüzlenip, olaryň global problemalara bolan çözgütlerini bilelikde hödürlemekde we öz umumy bähbitlerini goramakda “biragyzdan gürlemelidigini” aýtdy.

Hytaýyň prezidenti: “Halkara düzgünini dogry we adalatly etmegimiz gerek” diýdi.

Ol Braziliýanyň prezidenti Miýkel Temere, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modä we Günorta Afrikanyň prezidenti Ýakop Zuma: “Biz bolmasak,... köp kynçylyklary netijeli çözüp bolmaz” diýdi.

Şiniň aýtmagyna görä, BRIKS ýurtlary söwda we maýa goýmakda, pul sistemasynda we maliýe sektorynda hem hyzmatdaşlygy artdyrmaly.

Habar gullugy Interfaksyň bildirmegine görä, Putin sammitde eden çykyşynda kosmos barlaglary, saglygy goramak, informasiýa howpsuzlygy boýunça BRIKS hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini teklip edipdir.

Habar gullugy TASS hem rus prezidentiniň bu topara agza döwletleri “energiýa dialogyny güýçlendirmäge” çagyrandygyny habar berdi.

Şiamen sammiti ykdysady taýdan galkynyp gelýän ýurtlar bolan Braziliýa, Orsýet, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikadan durýan BRIKS toparynyň dokuzynjy sammitidir.

Hytaý “BRKIS Plus” diýilýäniň çäginde Täjigistany, Müsüri, Keniýany, Meksikany we Taýlandy-da sammite çagyrdy.

BRIKS toparyna degişli bäş döwlet dünýä ilatynyň 40 prosentden gowragyny öz içine alyp, global içki önümiň takmynan 22.5 prosentini öndürýär.

Bu topar Günbataryň agalygyndaky global ykdysady sistemada zyýana uçramazlyk üçin, agza döwletleriň bähbitlerini ösdürmek maksady bilen döredildi.

Ýöne käbir tankytçylar agza döwletleriň dürli medeniýetlere degişlidigine, hökümet stillerine we ykdysady düzgünlerine salgylanyp, toparyň netijeli işlemegine şübheli garaýarlar.

Şi BRIKS döwletleriniň biznes ýolbaşçylarynyň öňünde eden çykyşynda: “BRIKS döwletleriniň hyzmatdaşlygy oturyp gürleşilýän dükan däl, ol işlerini amala aşyrýan güýç” diýdi.

Şi soňra hem: “Biziň maksadymyz uly söwda bazaryny we maýa goýumyny döretmek, walýuta we maliýe işleriniň kynçylyksyz ýola goýulmagyny ösdürmek, infrastrukturanyň baglanyşygyny gowulandyrmak, adamlaryň arasynda ýakyn gatnaşygy döretmek” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Şi 3-nji sentýabrda Putin bilen duşuşyp, Demirgazyk Koreýanyň ýadro synagy sebäpli dörän dartgynlyk barada hem pikir alyşdy.

Habar gullugy Şinhuanyň bildirmegine görä, iki lider Phenýanyň bu hereketini berk ýazgaryp, Koreýa ýarymadasyny ýadrosyzlaşdyrmak baradaky maksat ugrunda tagalla etmek hakda ylalaşypdyrlar.

Käbir synçylar sammitiň öňýanynda geçirilen ýadro synagy Hytaýyň ýolbaşçysyny gaharlandyran bolmagy mümkin diýýärler.

Pekin Demirgazyk Koreýanyň esasy ýarany we ykdysady goldawçysy bolup durýar.

Habar gullugy Şinhua Hytaýyň we Orsýetiň liderleriniň iki ýurt arasyndaky harby hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hakda hem ylalaşandyklaryny aýtdy.

Putin 4-nji sentýabrda sammitiň gapdalynda Hindistanyň premýer-ministri Modi bilen duşuşyp, iki taraplaýyn gatnaşyklar hakda pikir alyşdy diýip, Interfaks habar berýär.

Rus prezidenti iki ýurduň “harby-tehniki hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini” aýdypdyr.

Ol şeýle-de, iki ýurduň arasynda söwda möçberiniň artmagy hakda hem kanagatlanma bildirip, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda onuň 22 prosente golaý bolandygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG