Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Phenýana garşy goşmaça sanksiýalara garşy çykdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň garşysyna goşmaça sanksiýalaryň girizilmegine özüniň garşydygyny bildirdi. Ol Phenýanyň geçiren altynjy ýadro synagyndan soňra “harby tutgaý” diýýänini tankytlap, munuň “global betbagtçylyga” getirmegi mümkin diýdi.

Putin BRIKS ýurtlarynyň Hytaýda geçen sammitinden soňra žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

“Orsýet Demirgazyk Koreýanyň [ýadro synagyny] ýazgarýar. Biz bularyň prowokatiw häsiýetlidigine ynanýarys. Ýöne Yrak we Liwiýa barada [bilýän zatlarymyzy] ýatdan çykaryp bilmeris. Demirgazyk koreýalylar muny asla etmez. Bu ýagdaýda, haýsy görnüşde hem bolsa, sanksiýalary ulanmak peýdasyz we netijesiz bolar. Meniň düýn kärdeşlerimiň birine aýdyşym ýaly, [demirgazyk koreýlylar] ot iýmeli bolsalar-da, özlerini howpsuz duýmasalar, [ýadro] programmasyndan el üzmezler” diýip, Putin aýtdy.

Orsýet köplenç Demirgazyk Koreýa gönükdirýän tankytlarynda Birleşen Ştatlary, Günorta Koreýany we Ýaponiýany dartgynlygy artdyrmagy ýa Phenýany öjükdirmegi mümkin hereketlerden saklanmaga çagyrýar. Phenýanyň Moskwa bilen gatnaşygy Waşington bilen bolan gatnaşykdan has ysnyşykly.

“Bizi Demirgazyk Koreýa bilen birlikde gara sanawa alyp, ondan soňra-da gelip, Demirgazyk Koreýanyň garşysyna gönükdirilen sanksiýa programmalary barada bizden kömek soramak, elbetde, manysyz zat. Bular ýaly zatlary edýänler Awstriýa bilen Awstraliýany bir-birinden tapawutlandyryp bilmeýän adamlar” diýip, Putin aýtdy.

Putin bu beýanatlary Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň Kim Jong Un eden synagy bilen “uruş gözleýär” diýip, Demirgazyk Koreýanyň garşysyna has berk sanksiýalaryň girizilmegine çagyranyndan soňra etdi.

3-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýa özüniň wodorod bombasyny üstünlikli synagdan geçirendigini bildirdi.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik raketa programmasy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilen kararnama boýunça gadagan edildi. Ýöne Phenýan synaglaryny dowam etdirýär. Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Orsýet, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa.

Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Nilkki Haleý 4-nji sentýabrda Howpsyzlyk Geňeşiniň gyssagly duşuşygynda, Demirgazyk Koreýanyň garşysyna girizilen sanksiýalary güýçlendirmek maksady bilen Birleşen Ştatlaryň üstümizdäki hepde bir kararnama taslamasyny hödürlejekdigini aýtdy.

Phenýan iýul aýynda iki sany ICBM raketalaryny synag edenindan soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi onuň garşysyna özüniň iň berk sanksiýalaryny girizdi.

“Indi ýeterlik. Uruş Birleşen Ştatlaryň isleýän zady däl. Biz ony şu wagt islämzok. Ýöne biziň ýurdumyzyň sabry çäksiz däl” diýip, Haleý aýtdy.

Ol soňra hem: “Iş-işden geçmänkä, ähli diplomatik serişdelerden peýdalanmagyň wagty geldi” diýip, sözüniň üstüme goşdy.

Orsýetiň we Hytaýyň ilçileri bolsa asudalyga we parahatçylykly diplomatik çözüde çagyrdylar.

“Ýarymadadaky ýagdaý gitdigiçe ýaramazlaşýar. Ýarymadanyň meselesi parahatçylykly ýollar bilen çözülmeli. Hytaý ýarymadada bulagaýlyk we uruş bolmagyna asla ýol bermez” diýip, Hytaýyň ilçisi Liu Jieýi aýtdy.

Analizçileriň aýtmagyna görä, Hytaý Demirgazyk Koreýanyň garşysyna agyr çäreleriň girizilmeginden howatyr edýär. Sebäbi ol Kimiň hökümetiň garyşylmadyk ýagdaýda çökmeginiň garym-gatymlyga getirip, ýüz müňlerçe demirgazyk koreýalynyň serhetden Hytaýa gaçyp girmegine getirerinden gorkýar.

Orsýetiň ilçisi Wasiliý Nebenzýa hem halkara arkalaşygyny asudalyga we deňagramly hereket etmäge çagyrdy.

Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki agzalary, şol sanda Fransiýa, Britaniýa, şeýle hem geňeşiň wagtlaýyn agzasy bolan Ýaponiýa bolsa sanksiýalaryň güýçlendirilmegine çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG