Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik işgärleriniň sanyny ýene azaltmagyny talap etmäge haklydygyny aýtdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Hytaý, 5-nji sentýabr, 2017
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Hytaý, 5-nji sentýabr, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik edaralarynyň işgärleriniň sanyny azaltmagy talap etmek boýunça hukugynyň bardygyny, emma dessine muny talap etmejegini aýtdy.

5-nji sentýabrda Hytaýda BRICS guramasyna girýän ýurtlaryň sammitinde eden çykyşynda Putin Moskwanyň ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatlarynyň sanyna degişli karara gelýänçä “ýagdaýyň özgerişine seretjekdigini” aýtdy.

Putin Waşingtonyň Orsýetiň ABŞ-daky edaralary babatyndaky hereketlerini ýazgardy we olary “gödek hem öň görlüp-eşidilmedik” diýip atlandyrdy. Putin Orsýetiň emläk hukugynyň depelenmegi bilen baglylykda ABŞ-ny suda bermek üçin Daşary işler ministrligine görkezme berjegini aýtdy.

Putiniň bu çykyşyna ABŞ-nyň administrasiýasyndan dessine jogap bolmady.

Emma ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň San Fransiskodaky konsulhanasynyň, Waşingtondaky hem Nýu Ýorkdaky söwda wekilhanalarynyň jaýlaryny boşatmagyny talap eden Birleşen Ştatlaryň diplomatiýa ýa-da kanun taýdan talaba laýyk bolmadyk hiç hili hereket etmändigini aýtdylar.

Döwlet departamentiniň 2-nji sentýabrda yglan eden bu talaby Moskwanyň 1-nji sentýabrda ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik işgärleriniň sanyny 455 adama çenli azaltmagyny talap etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG