Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen Ýaponiýanyň liderleri Wladiwostokda duşuşar


Ýapon premýer-ministri Şinzo Abe we rus prezidenti Wladimir Putin.
Ýapon premýer-ministri Şinzo Abe we rus prezidenti Wladimir Putin.

7-nji sentýabrda prezident Wladimir Putin bilen duşuşjak ýapon premýer-ministri Şinzo Abeniň rus liderine, Birleşen Milletler Guramasynyň Demirgazyk Koreýa garşy girizjek nobatdaky sanksiýalaryny kabul etmegi maslahat bermegine garaşylýar.

Liderleriň duşuşygy Demirgazyk Koreýanyň 3-nji sentýabrda şu wagta çenli iň güýçli ýadro bombasyny barlagdan geçirensoň, oňa garşy Birleşen Ştatlaryň BMG-de dürli täze sanksiýalary göz öňünde tutýan wagtyna gabat geldi.

Orsýetiň port şäheri Wladiwostokda geçirilýän ykdysady forumyň gapdalynda, Putin bilen görüşjek Abe, duşuşygyň öň ýany:

- Halkara jemgyýetçiligi Demirgazyk Koreýanyň derhal we hemmetaraplaýyn BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň çözgütlerine uýmagyny hem-de onuň ýadro we ballistik programmalaryny doly, aýan hem-de gaýtalanmajak häsiýetde bes etmegini gazanmaly – diýdi .

Mundan ozal Abe Wladiwostokda Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jae-in bilen duşuşyp, nobatdaky sanksiýalar bilen Demirgazyk Koreýa garşy basyşy mümkingadar güýçlendirmek boýunça ylalaşdylar diýip, Munyň metbugat wekili Ýun Ýaňg-çan (Yoon Young-chan) aýtdy.

Şeýle-de, Ýun iki lideriň agzalýan mesele boýunça Orsýet bilen Hytaýyň goşulyşmagynyň örän derwaýysdygyna ynanýandygyny belledi.

3-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýanyň häzire çenli iň güýçli altynjy ýadro bombasyny barlagdan geçirmegi global derejede ýazgaryldy, ýöne Putin oňa garşy sanksiýalaryň berkidilmegi boýunça edilen çagyryşlara ähmiýet bermezden, gepleşik geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Rus prezidenti 7-nji sentýabrda çykyş edip, Phenýanyň öz ýadro we raketa programmalaryny bes etmejekdigini, sebäbi onuň bu zatlara ýeke-täk gorag serişdesi hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Putin sanskiýalary güýçlendirmegiň çözgüt däldigini, Phenýany gorky bilen basyp bolmaýandygyny nygtady:

- Olary gorkuzmak mümkin däl – diýip, Putin belledi.

Phenýan onsuzam ýokary derejede çäklendirýän sanksiýalaryň astynda. BMG Demirgazyk Koreýany öz ýarag programmalaryndan el çekmäge mejbur etmek üçin şeýle sanksiýalary girizipdi.

Eýsem, Demirgazyk Koreýanyň esasy ýarany Hytaý Phenýana garşy görülýän täze çäreleri goldarmy diýen soragyň jogaby heniz nämälim.

- Koreýa ýarymadasyndaky soňky täzelikleri nazarda tutup, Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky zerur çäreleri görüp, gaýtawul bermegini oňlaýar – diýip, Hytaýyň daşary işler ministri 7-nji sentýabrda belledi.

Ýöne ol: “Sanksiýa we basyş meseläni çözmegiň diňe ýarpysy, beýleki ýary dialog we gepleşik” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini 7-nji sentýabrda Estoniýinayň paýtagty Tallinde çykyş edip, özüniň Demirgazyk Koreýa garşy täze özbaşdak sanksiýalary göz öňünde tutmagy teklip etjekdigini mälim etdi.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg Demirgazyk Koreýanyň özüni alyp barşy global howp, şonuň üçin global howpa garşy global jogap gaýtarmaly diýip belledi.

Birleşen Ştatlaryň taýýarlan we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň dykgatyna ýetirlen sanksiýa teklibiniň nusgasynda, Demirgazyk Koreýanyň nebit önümleri bilen üpjünçiliginiň doly gadagan edilmegi, şeýle-de onuň tekstil önümleriniň eksportunyň öňüniň alynmagy göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde, täze sanksiýalarda garasöýmez ýurduň hökümetiniň hem-de onuň lideri Kim Jong Unyň hasaplarynyň doňdurylmagyny, lidere hem-de beýleki resmilere garşy syýahat gadagançylygyny girizmek göz öňünde tutýar.

Demirgazyk Koreýaly işçilere-de daşary ýurtlarda işlemeklik gadagan ediler.

Öz gezeginde Demirgazyk Koreýa ABŞ-yň basyşyna ýa-da özüne garşy giriziljek islendik sanksiýa garşy “güýçli çäre” görjekdigini aýdýar.

Wladiwostokdaky forumda Demirgazyk Koreýanyň wekilçilikli delegasiýasy beýanat bilen çykyş edip, olar Günorta Koreýa bilen Ýaponiýany Orsýetde geçirilýän ýygnagy öz “kirli syýasatlarynyň” bähbitlerine ulanmakda aýyplady.

7-nji sentýabrda THAAD atlandyrlan amerikan howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň galan dördüsi Seulyň günortasyndaky harby baza getirildi. Ol ýerde şeýle ulgamlaryň iki sanysy maý aýyndan bäri işjeň ýagdaýdady.

Ulgamlaryň getirilmegi “wagtlaýynça” tamamlandy, Demirgazyk Koreýanyň güýjeýän howpuna gaýtawul bermek zerur diýip, Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi habar berdi.

Orsýet bilen Hytaý howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň ýerleşdirilmegine güýçli garşy çykyp gelýär.

XS
SM
MD
LG