Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp arap döwletlerini Eýrana garşy birleşmäge çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak tamda metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 7-nji sentýabr, 2017ý.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak tamda metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 7-nji sentýabr, 2017ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 8-nji sentýabrda Saud Arabystanyny we beýleki arap döwletlerini Katar bilen özara dawalaryny goýup,Eýrana garşy birleşen fronta öwrülmäge çagyrdy diýip, Ak tam aýtdy.

Tramp Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy Muhammad bin Salman, Birleşen Arap Emirlikleriniň täç geýdirilen şazadasy, şeýh Muhammad bin Zayed al-Nahyan, Kataryň emiri, şeýhTamim bin Hamad al-Thani dagy bilen aýratynlykda telefonda gürleşdi.

Tramp olara Waşingtonyň arap hyzmatdaşlarynyň arasyndaky bir-bütewiligiň regional durnuklylygy üpjün etmekde we Eýrandan abanýan terror howpuna garşy durmakda örän wajypdygyny aýtdydiýip, Ak tam aýtdy.

Liderler “Eýranyň sebitiň durnuklylygyna abandyrýan dowamly wehimi barada maslahat etdiler” diýip, Ak tam aýtdy.

XS
SM
MD
LG