Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal rus žurnalisti Ýulia Latynina maşyny otlanandan soň ýurdy terk etdi


Ýulia Latynina
Ýulia Latynina

Tanymal rus žurnalisti, Orsýetiň dolandyryjy elitasynyň ýiti tankytçysy Ýulia Latynina, nämälim hüjümçiler maşyny otlanyndan soň, ýurdy terk etdi.

Ol meşhur “Eho Moskwy” radio stansiýasynyň Skype arkaly gurnan gepleşiginde özüniň ene-atasy bilen daşary ýurda çykandygyny we bu golaýda yzyna gelmejekdigini aýtdy.

“Eho Moskwy” radiosynyň hepdelik syýasy gepleşigini alyp barýan Latunina 3-nji sentýabrda nämälim adamlaryň öz agaç jaýynyň ýanynda goýan maşynyna ot berendigini aýtdy.

“Maşynyň benzin baky partlap bilerdi, emma ol doly bolmansoň partlamady” diýip, Latynina aýtdy.

Şeýle-de ol kakasynyň wagtynda ýetişip, eýýäm dört metr belentlige galan ody öçürendigini, ýogsa öýleriniň kül bolmalydygyny sözüne goşdy.

Orsýetiň Žurnalistler birleşigi 4-nji sentýabrda Latuninanyň aýdýanlaryny tassyklady we bu hadysanyň diňe “bozgaklyk we gorkuzma akty’ bolmandygyny aýtdy.

Latynina 2015-nji ýylyň martynda, öz adynyň ýurduň ýolbaşçylaryny açyk tankytlaýanlygy üçin “öldürilmelileriň” sanawyna girizilendigi barada ýaýran gep-gürrüňlerden soň hem wagtlaýyn ýurdy terk edipdi.

XS
SM
MD
LG