Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwiliniň Polşadan Lwowa gitmekçi bolan otlusy saklandy


Ogly Nikoloz bilen otluda oturan M.Saakaşwili.
Ogly Nikoloz bilen otluda oturan M.Saakaşwili.

Gürjüstanyň ozalky prezidenti we Ukrainanyň Odessa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili 10-njy sentýabrda özüniň Ukraina dolanmak strategiýasyny üýtgedip, ýol bilen gitmän, Polşadan göni Ukrainanyň Lwow şäherine barýan otla mündi.

Emma döwlet tarapyndan işledilýän ukrain otlusy Saakaşwili düşmese, ýola ugramajakdygyny yglan etdi.

Ýolagçylara edilen bildirişde aýdylmagyna görä, Ukrainanyň milli polisiýasy demirýol hyzmatyny otluda ukrain territoriýasyna girmäge rugsat berilmedik adamyň bardygy bilen habarly etdi. “Ukrain kanunçylygyna laýyklykda, otly şol adam otludan düşen badyna ýola ugrar” diýip, bildirişde aýdyldy.

Saakaşwili bu çärä özüniň hiç wagt “ýan bermejegini” aýdyp jogap berdi. Ol serhetden geçip, ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň öz raýatlygyny ýatyrmak baradaky buýrugyny synaga salman goýmajagyny aýtdy.

"Meniň ýanymnda bir topar adam bar we ýene bir topar adam [serhediň beýle tarapynda] garaşýar" diýip, Saakaşwili aýtdy.

XS
SM
MD
LG