Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymyň sudy Krym tatarlarynyň lideri Ahtem Çiýgozy sekiz ýyl türmä höküm etdi


Ahtem Çiýgoz
Ahtem Çiýgoz

Ukrainanyň Orsýet tarapyndan gözegçilik edilýän Krym regionynyň sudy Krym tatarlarynyň ady belli lideri Ahtem Çiýgozy sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Regionyň paýtagty Simferopolyň sudy 11-nji sentýabrda Çiýgoza 2014-nji ýylyň fewral aýynda Simferopolda bikanun demonstrasiýa geçirmekde günä bildirdi.

Çiýgoz Krym tatarlarynyň parlamenti Mejlisiň lideri. Ol Orsýetiň Krymy Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagynyň yzýany wezipesinden çetleşdirilipdi. 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda ýarymadanyň Moskwa tarapyndan bellenen häkimiýetleri ony tussag edipdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar 52 ýaşly Çiýgozyň işiniň Orsýetiň Krymy öz eline geçirmegine garşy çykyş edýänlere basyş etmek kampaniýasynyň bir bölegi bolup durýandygyny aýdýarlar.

Orsýet Krymyň ýerli tatar ilatyna basyş görkezmegi üçin adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary we Günbatar hökümetleri tarapyndan berk tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG