Sepleriň elýeterliligi

'Ýedinaýa Rossiýa' regionlarda, oppozisiýa Moskwada saýlawlarda öňe çykdy


Saýlaw komissiýasy sesleri sanaýar. Ýekaterenburg, 10-njy sentýabr, 2017 ý.

Irki netijeleriň görkezmegine we medianyň habarlarynda aýdylyşyna görä, ses berenleriň sany aşa pes bolan we saýlawçylaryň basyş astynda saklanandygy aýdylýan regional hem ýerli saýlawlarda häkimiýet başyndaky Bütewi Orsýet partiýasynyň alan sesleri agdyklyk edýär. Ýöne liberal oppozision kandidatlar-da Moskwada orun eýelemegi başarana meňzeýärler.

2018-nji ýylyň mart aýyna planlaşdyrylan prezident saýlawyndan öňki saýlawlaryň ahyrkysy bolan 10-njy sentýabr saýlawy prezident Wladimir Putiniň ýurdy öz gysyjynda saklamagy, şeýle hem Kremliň ençeme ýyllap syýasy sistema kontrollyk etmegi bilen çetleşdirilen garşydaşlaryň täze strategiýasy üçin bir synag boldy.

Kremliň häkimiýet başyndaky ýaranlary we Bütewi Orsýet partiýasynyň kandidatlary Orsýetiň onlarça regionynda gubernatorlyk, şeýle hem regional we ýerli parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandylar.

Ýöne oppozision liderler, şol sanda tanymal Kreml tankytçylary Moskwanyň birnäçe etrabynda özleriniň ýeňiş gazanandyklaryny aýtdylar. “Nowaýa Gazeta” gazeti oppozision kandidatlaryň paýtagtyň administratiw etraplarynyň on dördüsinde köplük orny gazanyp gelýändigini habar berdi.

Bölekleýin netijeler Döwlet dumasynyň öňki liberal deputaty Dmitriý Gudkow we Ýabloko partiýasy tarapyndan goldalýan kandidatlaryň 180-e golaýynyň Moskwanyň etrap geňeşlerinde orun gazanandygyny görkezýär. Oppozision aktiwist Ilýa Ýaşin özüniň we ýaranlarynyň bir geňeşde ýedi orun gazanandygyny, Bütewi Orsýet partiýasynyň gazanan orunlarynyň bolsa diňe üçdügini aýtdy.

Moskwanyň saýlaw komissiýasynyň başlygy Walentin Gorbunowyň aýtmagyna görä, deslapky netijelerden çen tutulsa, onda Bütewi Orsýet partiýasy paýtagtyň etrap geňeşine degişli 1502 orunuň takmynan 77 prosentini, Ýabloko onuň 12 prosentine golaýyny we garaşsyz kandidatlar hem 7 prosentini alypdyrlar.

Putin 2000-nji ýylda häkimiýet başyna gelip, saýlawlara kontrollygy güýçlendirili bäri milli syýasatdan çetleşdirilen oppozision aktiwistler Godkow, Ýaşin ýaly toparlar we Ýabloko partiýasy ünslerini şäher meselerine gönükdirip, elden gidenleri gaýtaryp almak üçin alyp barýan esasy kampaniýalaryny artdyrýarlar. Moskwada olaryň häzir göz dikýäni 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçjek mer saýlawlary.

Oppozisiýanyň Moskwada gazanan ýeňişleri saýlawlarda bir adatdan daşarylyk bolup durýar.

Resmiler Burýatiýa regionynyň häkimiýet başyndaky başlygy Alekseý Tsydenowyň sesleriň 87 prosentini alyp gelýänini aýtdylar. Müňlerçe kilometr çetlikde ýerleşýän Kaliningradda hem regional saýlaw resmileri häkimiýet başyndaky gubernatoryň we Bütewei Orsýet partiýasynyň kandidaty Alihanowyň sesleriň 81 prosentini alandygyny bildirdiler.

Ýene alty aýdan, 2018-nji ýylyň martynda prezident saýlawy geçýär. Ýurtda 18 ýyllap prezident ýa premýer-ministr bolup gelen Putiniň hem bu saýlawa goşularyna garaşylýar. Onuň populýarlygyny we häkimiýeti berk öz elinde saklaýandygyny nazara alynyňda, aňsatlyk bilen ýeňiş gazanjakdygy belli.

Ýöne 64 ýaşly Putine 2024-nji ýylda ýene prezidentlige dalaş edere ýol ýok, sebäbi baş kanun yzly-yzyna iki gezek prezidentlik möhletini çäklendirýär.

10-njy sentýabr saýlawlarynda ses bermäge gatnaşanlaryň sany iň pes derejesinde boldy diýip, “Wedomosti” gazeti ýazdy.

Gazetiň resmi sanlara salgylanyp habar bermegine görä, ses bermäge gatnaşanlaryň sanynyň 40 prosentden agan ýeri diňe üç region – Mordowiýa, Saratow we Belgorod – bolupdyr. Wladiwostokda bolsa ses bermäge hukukly ilatyň diňe 12.7 prosenti bu hukukdan peýdalanypdyr.

Saýlaw komissiýasynyň resmileri 11-nji sentýabrda saýlaw uçastoklary ýapylmazdan iki sagat öň edinilen maglumatlara salgylanyp, Moskwada hasaba alnan saýlawçylaryň takmyndan 15 prosentiniň ses berendigini aýtdylar.

Paýtagtdaky oppozision kandidatlar hem häkimiýetleri saýlawçylary ses bermekdan sowatmaga synanyşýanlykda aýypladylar.

Tanymal oppozision ýolbaşçy Alekseý Nawalnyý häkimiýetleriň aldawa ýüz urandygyny ileri sürdi. Saýlawa gözegçilik edýän hökümete degişli däl gurama Golos hem resmiler tarapyndan basyş edilendigi hakda özüne takmynan 500 şikaýatyň gowşandygyny bildirdi.

Moskwanyň şäher resmileri hem saýlawçylary ses bermekden sowaşýar diýilýän aýyplamalary ret etdiler.

Bütewi Orsýet partiýasynyň başlygy premýer-ministr Dmitriý Medwedew aldawy we saýlawçylary manipulirlemek diýilýänlerini ret edip, netijeler Bütewi Orsýet üçin “juda amatly” diýdi.

XS
SM
MD
LG