Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Aziada gabatlap täze poçta markalaryny, täze puly çap etdi


“Aşgabat-2017” atly Aziýa oýunlarynyň resmi simwoly
“Aşgabat-2017” atly Aziýa oýunlarynyň resmi simwoly

Türkmenistan “Aşgabat-2017” atly Aziýa oýunlary mynasybetli poçta markalarynyň iki görnüşli toplumyny çykardy.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygy boýunça çykarylan markalaryň birinde Aziýa oýunlarynyň tumary alabaý güjüginiň dürli sport görnüşlerini berjaý edişi şekillendirilýär.

“Sport tarapyndan başga-da, oýunlar, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine eýe bolup durýar we özünde ägirt uly parahatçylygy dörediji energiýasyny alyp barýar” diýlip, resmi maglumatda bellenýär.

17-27 sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi Banky täze kagyz we demir pullaryny çykaryp dolanyşa girizdi.

Hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat möçberli täze pullaryň ýüzünde Aziýa oýunlarynyň simwoly ýerleşdirildi, şeýle “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş pullar çykaryldy, diýip resmi media habar berdi.

Maglumata görä, Merkezi Bankyň 2009-njy, 2012-nji we 2014-nji ýyllarda çap eden pullary Türkmenistanyň çäginde dolanyşykda galar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň taryhynda iň uly halkara sport çäresi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG