Sepleriň elýeterliligi

Aziýada: Bosgunlaryň ýygyndy komandasyna keniýaly rekordsmen Tegla Lorupe ýolbaşçylyk eder


Olimpiýa desgasy, Aşgabat

Aşgabatda 17-27-nji sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşjak bosgunlaryň ýygyndy komandasyna keniýaly dünýä çempiony ýüwrük Tegla Lorupe ýolbaşçylyk eder.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň maglumatyna görä, bosgunlaryň ýygyndy komandasynyň düzümi Tegla Lorupeniň Parahatçylyk fondunyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda kesgitlenipdir.

BMG-niň “Sport we parahatçylyk” proýektiniň ilçisi Tegla Lorupeniň bosgunlaryň halkara sport bäsdeşligine gatnaşmagy üçin mümkinçilik tapmak işine uly goşant goşýandygy aýdylýar.

Tegla Lorupe 20, 25 we 30 kilometr aralyga ylgamakda dünýä rekordsmeni bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG