Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horug aeroportunyň müdiri Rahmonyň dikuçarynyň ýelgininden ýykylyp öldi


Täjigistan, 13-nji sentýabr, 2017
Täjigistan, 13-nji sentýabr, 2017

Täjigistanyň günorta böleginiň ýerli resmileriniň aýtmagyna görä, Horug şäheriniň regional aeroportunyň müdiri prezident Emomali Rahmonyň dikuçarynyň ýelgininden ýere ýykylyp, başyna daş degensoň ýogalypdyr.

Resmileriň we waka şaýat bolanlaryň ençemesiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, Horug şäheriniň aeroporunyň müdiri Dildor Maksudşoýew 13-nji sentýabrda Ýahçi Sor obasyndan gaýdan Rahmonyň dikuçarynyň ýelgininden ýere ýykylypdyr.

Olar bu ýagdaýyň prezident Rahmonyň Daglyk-Badahşan regionynyň Darwoz etrabynda ýerleşýän oba eden saparyndan soň dikuçarly Duşenbä gaýdyp barýan wagtynda ýüze çykandygyny aýdýarlar.

Daglyk-Badahşan regionynyň regional polisiýa departamentiniň resmilerini 14-nji sentýabrda AÝ/AR aýtmagyna görä, Maksudşoýew ýerli keselhana alnyp barylýan wagtynda aradan çykypdyr we onuň ölümine “hadysa” sebäp bolupdyr.

Emma Darwoz etrabynyň häkimi Saidburhon Abdurahmonzoda AÝ/AR bilen 14-nji sentýabrda söhbetdeş bolup, Rahmonyň dikuçarynyň Maksudşoýewiň ölümindäki roluny kemeldip görkezmäge çalyşdy we 60 ýaşly aeroport müdiriniň “ýüreginiň ýagdaýy” sebäpli ýere ýykylandygyny aýtdy.

Maksudşoýew Daglyk-Badahşan regionynyň şäherlerine we obalaryna sapar eden Rahmon bilen bile baran ýerli resmileriň arasynda bolupdy.

XS
SM
MD
LG