Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar bilen dartgynlygyň fonunda Orsýet – Belarus harby türgenleşige başlady


“Günbatar-2017” tälim-türgenleşikleri
“Günbatar-2017” tälim-türgenleşikleri

Orsýet bilen goňşy Belarus NATO-nyň gündogar ganatynyň alkymynda bilelikdäki harby türgenleşige başlady. Bu ýagdaý Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky ozal bar bolan çuň dartgynlylyklary has-da ýaramazlaşdyrýar.

Resmi Moskwa bilen Minsk Belarusyň çäginde we Orsýetiň günbatar böleklerinde 14-20-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Zapad – 2017” (“Günbatar-2017”) tälim-türgenleşiklerine 12 müň 700 harbynyň gatnaşjakdygyny aýdýar.

Ýöne günbatarly resmiler Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Günbatar bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän dikleşmeleriň fonunda, harby türgenleşikleri ruslaryň “güýç güjeňlemesi” hasaplap, oňa 100 müň töweregi harbynyň gatnaşyp biljekdigini aýdyp gelýär.

Britaniýanyň goranmak sekretary Maýkl Fallon 10-njy sentýabrda BBC kanalyna beren gürrüňinde: “Bu bizi prowokasiýa etmäge, biziň goranyş güýjümizi synap görmäge niýetlenen çäre, şol sebäpden biz güýçli durmaly” diýdi.

Bu aralykda, Moskwa harby türgenleşikler boýunça Günbatary dowulçy häsiýetlendirip, muňa zerurlygyň ýokdugyny aýdýar.

Bu amaly okuw tälimi Orsýet 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa edeli bäri NATO ýaranlygyna agza ýurtlaryň golaý-goltumynda amala aşyrylýan ilkinji harby türgenleşikdir.

Moskwa tälime gatnaşjak harbylaryň sanynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) “Wena resminamasy” diýlip tanalýan düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda kesgitlenen aňry çäk bolan 13 müňden aşmajakdygyny tekrarlaýar. Şeýle-de, agzalýan resminama harby türgenleşikler dogrusynda beýleki ýurtlara habar berilmegini we öz manýowrlaryna synçylaryň gatnaşdyrylmagyna rugsat berilmegini talap edýär.

Orsýetiň “Krasnaýa Zwezda” harby gazeti 13-nji sentýabrda ýurduň Günbatar harby okrugynyň komandiri general-polkownik Andreý Kartapolow bilen geçirilen gürrüňdeşligi çap etdi. Interwýuda komandir türgenleşige gatnaşjak harbylaryň sanynyň we ulanyljak tehnikalaryň “Wena resminamasyna” doly gabat gelýändigini aýtdy.

“Zapad” harby türgenleşigi her dört ýyldan bir gezek Orsýetiň dürli regionlarynda gezekli-gezegine geiçriilýär.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny ele geçirmegine we gündogar Ukrainada seperatistleri goldamagyna günbatarly hökümetler birnäçe ykdysady we beýleki sanksiýalar bilen gaýtawul beripdi. NATO ýaranlygyň gündogar ujundaky agza ýurtlarynda öz harby kuwwatyny güýçlendirdi. Ol ýerlere Sowuk uruş döwründe Moskwa agalyk edýärdi. Harby ýaranlyk Kremliň regiondaky niýet-pälinden howatyrlanýar.

“Zapad-2017” harby täliminiň geçirilýän ýeri bolan Belarus, Ukraina bilen şol sanda NATO agzasy Polşa, Litwa we Latwiýa bilen araçäkleşýär. Orsýetiň günbatar eksklawasy Kaliningratda-da türgenleşik geçirilýär. Eksklawa Baltika deňziň kenarynda, Polşa bilen Litwanyň arasynda ýerleşýär.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg geçen hepde Estoniýada eden çykyşynda harby ýaranlygyň türgenleşiklere syn etmek üçin üç synçy goýberip biljekdigini mälim etdi.

Ýöne bu çakylyklarda ÝHHG-niň talap edýän aç-açanlyk düzgünlerine, ýagny türgenleşikleriň barşy we sahnalary barada maglumat bermek, esgerler bilen ýekebara gürrüňdeşlik geçirmek mümkinçilikleri we tälim-türgenleşigiň geçirilýän ýeriniň asmanyndan uçarda geçilmegine rugsat bermek ýaly düzgünlere eýerilmeýär diýip, Stoltenberg 6-njy sentýabrda Estoniýanyň Tapa NATO kontingentine eden saparynda žurnalistlere aýtdy.

“Biz [Zapad 2017-ä] ýakyndan syn ederis. Biz hüşgär, emma şol bir wagtyň özünde asuda, sebäbi NATO-nyň ýekeje-de ýaranyna howp salýan haýykdyrjy ýagdaý göremizok” diýip, Stoltenberg sözüniň üstüni ýetirdi.

NATO-nyň Demir perdäniň synmagyndan soň göwrümini giňeltmegi we Ukrainadaky krizisden soň Günorta Ýewropa goşun ýerleşdirmegi sebäpli Orsýet ony gaýta-gaýta regional dartgynlylyklary öjükdirmekde aýyplady. Russiýa Günbataryň “Zapad”harby türgenleşikleri baradaky aladalaryny esassyz atlandyryp, amaly tälimleriň “arassa goranyş häsiýetlidigini” aýdýar

Hyýaly duşman

Kartapolow “Krasnaýa Zwezda” gazetine beren gürrüňinde harby türgenleşige 12 müň 700 (7 müň 200 orýsteli, 5 üň 500 belarus) harbynyň gatnaşjakdygyny aýdyp, muňa goşmaça hökmünde 70 sany harby uçaryň we 680-e golaý harby tehnikanyň, şol sanda tanklaryň, artilleriýa enjamlarynyň we harby gämileriň gatnaşdyryljakdygyny aýtdy.

Harby okuw türgenleşiginiň dowamynda Russiýanyň we Belarusyň bilelikdäki goşunlary Minsk hökümetini ýykmaga synanyşyp, günbatar Belarusda separatist güýçleri döretjek bolýan hyýaly duşmana garşy göreşýärler.

Bu sahna Moskwanyň öz arka bakjasynda, hususan-da 2003-nji ýylda Gruziýada amala aşyrlan, 2014-nji ýylda Ukrainada Kremliň ýarany Wiktor Ýanukowiçi hökümet başyndan çetleden we Moskwanyň günbatarda guraldy diýýän syýasy rewolýusiýalary dogrusynda Orsýetiň aladalarynyň ýaňy bolup görünýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi öňe sürülýän şeýle pikirleri yzygiderli ret edip, rewolýusiýalar ozalky sowet respublikalaryndaky korrumpirlenen režimlere garşy halkyň gazaplanmagynyň netijesi diýýär.

XS
SM
MD
LG