Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana sapar eder


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň prezidentiniň çakylygy boýunça 17-nji sentýabrda Türkmenistana sapar eder diýip, özbek mediasy habar erdi.

Mirziýoýewiň Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygy, şeýle-de beýleki ýurtlaryň liderleri bilen duşuşjakdygy maglumatda aýdylýar.

Özbegistanyň mediasynyň habar bermegine görä, 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 189 sany özbek sportsmeni çykyş eder.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi websaýtynyň maglumatyna görä, 21 sport görnüşi boýunça geçiriljek bäsdeşliklere 62 ýurduň 4066 sportsmeni gatnaşar.

XS
SM
MD
LG