Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada atyşyklary togtadylmaly edilen zonalar ylalaşyldy


Gazagystanyň Astana şäherinde Siriýa boýunça geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri.
Gazagystanyň Astana şäherinde Siriýa boýunça geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri.

Siriýa boýunça Gazagystanyň Astana şäherinde barýan parahatçylyk gepleşiklerine howandarlyk edýän üç ýurduň wekilleri Siriýada alty aýlap atyşyklary togtadylmaly edilen zonalar barada ylalaşandyklaryny aýdýarlar.

Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň wekilleriniň 15-nji sentýabrda bilelikdäki beýannamasynda aýdylmagyna görä, zonalar Damaskyň demirgazygynda ýerleşýän Gündogar Goutany, şeýle hem Idlip, Homs, Latakiýa, Aleppo we Hama welaýatlaryny dolulygyna ýa-da bölekleýin öz içine alar.

Beýannamada alty aý möhletiň geljekde uzaldyljakdygy aýdylýar.

Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň Siriýanyň demirgazyk welaýaty Idlipdäki dördünji zonanyň araçäkleri baradaky oňuşmazlyk meselesini çözendiklerini bildireninden soňra Ylalaşyk baradaky habary Türkiýäniň resmi Anadolu habar gullugy yglan etdi.

Habarda Idlipdäki zonada haýsy güýçleriň ýerleşdirilmegi babatda wekilleriň ýene-de pikir alyşmalydygy aýdylýar. Bu zona Siriýanyň gozgalaňçy ýaranlygy kontrolluk edýär. Bu ýaranlyga hem ýolbaşçylyk edýän ozal Al-kaýdanyň düzüminde bolan Al-Nusra fronty.

Türkiýede hökümetiň tarapdary hasaplanýan “Ýeni Şafak” gazeti 15-nji sentýabrda çeşmesi berilmedik bir habarda üç ýurduň Idlibi üç regiona bölmegi planlaşdyrýandygyny ýazdy.

Gazetiň maglumatyna görä, planda regionyň Türkiýe bilen serhetdeş demirgazyk-günbatar bölegine türk güýçleri bilen Erkin siriýa goşunynyň düzümindäki aram oppozision söweşijileriň patrullyk etmegi göz öňünde tutulýar.

Eýran bilen Siriýanyň ýaragly güýçleri günorta-gündogarda ýerleşdiriler. Orýetiň güýçleri hem iki regionyň aralygynda bolar.

Siriýa boýunça Astanada barýan gepleşiklere Orsýet, Türkiýe we Eýran howandarlyk edýär. Bu gepleşik Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylygynda Ženewada barýan gepleşiklerden aýry.

Üç ýurduň maý aýynda gol çekişen memerandumynda atyşyklary togtatmak üçin, dört zonanyň döredilmegi boýunça çagyryş edilipdi.

Orsýet bularyň üçüsiniň döredilmegine razylyk berdi, bularda söweşijileriň arasynda gazaply hereketler kesildi.

Ýöne dördünji zonanyň araçäkleri hakdaky pikir tapawutlary dört zonanyň hemmesini döretmek meselesini kynlaşdyrdy, netijede resmi ylalaşyga gol çekilmän galdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Waşingtonyň “Eýranyň Astana prosesine ‘kepillendiriji’ hökmünde gatnaşmagyna şübheli” garaýandygyny aýdýar.

Eýranyň güýçleriniň atyşyklaryň togtadylmagyna gözegçi hökmünde ýerleşdirilmegine çagyrylmagy Amerikany aladalandyrýar.

Amerikan hökümeti Eýranyň Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assady goldamagy konflikti ýaramazlaşdyryp, Siriýanyň adaty ilatynyň çekýän ejir-azabyny artdyrdy diýýär.

Siriýanyň oppozision şöweşijileriniň käbiri hem Eýran güýçlerine atyşyklaryň togtadylmagyna gözegçilik roluny bermek baradaky pikiri ret edip, olar bitarap güýçler däl diýýärler.

XS
SM
MD
LG