Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH: Türkmenistan TOPH-yň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar


Owganystan, TOPH-yň kartasy
Owganystan, TOPH-yň kartasy

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentligiTürkmenistanyň TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde gaz geçirijiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçjek böleginiň gurluşygyna başlanmaly döwre çenli durmuşa geçirilmeli çäreleriň deslapky tapgyrlary kesgitlenildi.

Hökümet mejlisinde berlen habarda aýdylmagyna görä, gaz geçirijiniň degişli böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň başynda girişmek hem-de 2019-njy ýylda tebigy gazy akdyryp başlamak planlaşdyrylýar.

Şeýle-de habarda bu gurluşyga zerur enjamlary we turbalary satyn almak baradaky halkara tenderiniň şu aýyň aýagyna çenli geçiriljekdigi bellenýär.

Ekspertler TOPH geçirijisiniň öňünde esasan iki kynçylygyň - Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň we Türkmenistandaky maliýe ýetmezçiliginiň durandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG