Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Nýu-Ýorkda we Ženewada guralýan maslahatlara gatnaşar


Reşit Meredow
Reşit Meredow

Daşary işler ministri Reşit Meredow 15-nji sentýabrda guralan hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 72-nji maslahatyna hem-de BMG-nyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ählumumy abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goldaw bermäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi diýip, TDH habar berýär.

"Bitarap Türkmenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýän döredijilikli başlangyçlary hut şu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir" diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistan ýurtda adam hukuklarynyň yzygiderli basgylanmgyna ýol bermekde tankyt edilýär. Şol bir wagtda Aşgabat bu ýyl ÝHHG-nyň Warşawada geçýän ýyllyk adam hukuklary maslahatyna öz resmi delegasiýasyny ibermedi.

XS
SM
MD
LG