Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Oýunlaryň açylyş dabarasyna gelen daşary ýurt liderleri bilen duşuşýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. TDH-nyň fotosuraty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. TDH-nyň fotosuraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda Aşgabatda Pakistanyň prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.

Mamnun Huseýn Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmaga geldi.

Duşuşyk mahalynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, prezidentler “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň okgunly depginini kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň Türkmenistana hem-de Pakistana hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň üstünde işlemäge mümkinçilik berýändigi barada bir pikire geldiler”.

Şeýle-de Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda Orsýetiň Federasiýa Geňişiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.

TDH-nyň maglumatyna, türkmen prezidenti russiýaly wekile “Aşgabadyň hormatly raýaty” diýen derejäni gowşdury. Matwiýenko bolsa öz gezeginde Berdimuhamedowa altyndan edilen zeýtun şahasyny gowşurdy.

Türkmen prezidenti biraz öň Aşgabada gelen moldowan prezidenti Igor Dodon tarapyndan Moldowanyň ýokary döwlet sylagy, “Respublika ordeni” bilen sylaglandy.

Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna goňşy Özbegistanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň hem gelýändigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG