Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan garaşsyz žurnalisti uzak möhletli tussaglyga höküm etdi


Žurnalist Elçin Ismaýilliniň aklawçysy Elçin Sadikow
Žurnalist Elçin Ismaýilliniň aklawçysy Elçin Sadikow

Azerbaýjanyň sudy hökümeti tankyt eden žurnalisti dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Žurnalist Elçin Ismaýilliniň aklawçysy Elçin Sadikow öz müşderisine kesilen işi syýasy matlaply atlandyrdy.

Saki şäheriniň Agyr jenaýatlar boýunça sudy 18-nji sentýabrda çykaran kararynda žurnalisti pul talap etmekde we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy.

Ismaýilli fewral aýynda Medeniýet we syýahatçylyk boýunça departamentiň onuň pul talap edendigi barada resmi derejede çykyş etmeginiň yzýany tussag edilipdi.

Ismaýilli özüne bildirilen günäni ret etdi.

Günbatar hökümetleri we adam hukuklaryny goraýjy toparlar prezident Ilham Aliýewiň hökümetiniň garaşsyz media çeşmelerini, žurnalistleri, oppozision syýasatçylary we aktiwistleri yzarlamak arkaly öz häkimiýetini pugtalandyrmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG