Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Baş Assambleýada Phenýan, Tähran babatynda berk herekete çagyrar


BMG-niň maslahatynda, Nýu Ýork, 18-nji sentýabr, 2017.
BMG-niň maslahatynda, Nýu Ýork, 18-nji sentýabr, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek birinji çykyşynda Demirgazyk Koreýa we Eýran babatynda has berk herekete çagyrmagyna garaşylýar.

Tramp “Demirgazyk Koreýanyň biziň howpsuzlygymyza we bu ýerdäki ähli ýurtlaryň howpsuzlygyna salýan howpy we edýän haýbatlary babatynda çakdan aşa berk görnüşde sözlär” diýip, Ak Tamyň ýokary derejeli resmisi 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk baş maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragy we ballistik raketalary bilen bagly programmasy babatynda sanksiýalaryň ençemesini girizdi.

Phenýan sanksiýalaryň we basyşyň artmagynyň netijesinde özüniň ýadro programmasyny has-da güýçlendirjekdigini 18-nji sentýabrda duýdurdy.

Hytaýyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri Wang Ýi we Sergeý Lawrow Nýu Ýorkda geçiren duşuşygynda Koreýa ýarymadasyndaky ýagdaýdan parahatçylykly çözgüde çagyrdylar diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrligi 19-njy sentýabrda habar berdi. Moskwa we Pekin Demirgazyk Koreýany raketa we ýadro synaglaryny bes etmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG