Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Phenýan bilen Tähranyň garşysyna has berk tutuma çagyryş etjege garaşylýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek ilkinji çykyşynda, Demirgazyk Koreýa bilen Eýranyň garşysyna has berk tutuma çagyryş etjege garaşylýar.

Tramp 19-njy sentýabrda Baş Assambleýanyň ýyllyk umumy maslahatynda “Demirgazyk Koreýadan abanýan howp we onuň biziň howpsuzlygymyza we regiondaky ähli ýurtlaryň howpsuzlygyna salýan wehimi barada berk beýanat berer” diýip, Ak tamyň ýokary derejeli bir resmisi aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ýadro ýaraglary we ballistik raketa programmalary sebäpli Demirgazyk Koreýanyň garşysyna birnäçe gezek sanksiýa girizdi. Phenýan hem 18-nji sentýabrda girizilýän sanksiýalaryň we edilýän basyşlaryň onuň ýadro programmasyny çaltlandyrmagyna getirjekdigini duýdurdy.

Hytaýyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri Wang Ýi bilen Sergeý Lawrow Koreýa ýarym adasyndaky meseläni parahatçylykly ýollar bilen çözmäge çagyrýarlar.

Moskwa bilen Peking Demirgazyk Koreýanyň raketa we ýadro synaglaryny togtatmagyny we munuň öwezinde ABŞ bilen Günorta Koreýanyň hem bilelikde geçirýän giň gerimli harby türgenleşiklerini geljekde geçirmezligini teklip edýärler.

Tramp Eýran barada hem öz aladalaryny beýan eder. Amerikanyň administrasiýasy Eýrany dünýäniň güýçli döwletleri bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro geleşiginiň “ruhuny” bozmakda we goňşy ýurtlaryň içki işlerine garyşmakda aýyplaýar.

“Bulardan abanýan bir umumy howp, milletler taryha bir çetde durup garap bilmez. Olardan abanýan howpuň öňüni şu wagt almasak, onda olar güýçlerini artdyryp, has-da gorkunç bolarlar” diýip, Ak tamyň resmisi Demirgazyk Koreýa bilen Eýran barada aýtdy.

Bu resminiň aýtmagyna görä, Tramp Eýran hökümetiniň syýasatlary bilen halkyň islegleriniň arasyndaky dartgynlyk hakda gürlär.

Tramp 18-nji sentýabrda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşyga başlanda, žurnalistler ondan ýadro ylalaşygyna bagly galyp-galmajakdygyny soradylar. Tramp bu soraga “muny basym görersiňiz” diýip jogap berdi.

Ondan öň Tramp BMG-niň atom gullugynyň Eýranyň ýadro işlerine gözegçilik etmekde berk däldigini duýan halatynda ylalaşykdan çykjakdygyny aýdypdy.

Eýranyň şertnama laýyklykda hereket edip-etmeýändigini barlaýan toparlar onuň bu ylalaşygy ýerine ýetirýändigini aýdýarlar.

Muňa garamazdan, Tramp administrasiýasy ýygy-ýygydan Tährany geleşigiň “ruhuny” bozýanlykda aýyplaýar.

Waşingtonyň ylalaşykdan çekilmeginiň mümkindigi ABŞ-yň gepleşiklere gatnaşan ýaranlaryny, şol sanda Fransiýany-da aladalandyrýar.

Fransiýanyň bir resmisiniň aýtmagyna görä, prezident Emmanuel Makron Eýranyň prezidenti Hassan Rohany bilen geçiren gepleşiklerinde, ylalaşygyň möhleti 2025-nji ýylda tamamlanyndan soňra gepleşiklere täzeden girişilmegini aýdypdyr. Makdron şeýle hem Eýran regionda alyp barýan işleri bilen ABŞ-y öjükdirmeli däl diýip, Rohana duýduryş beripdir.

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Drianyň aýtmagyna görä, Makron Tramp bilen ikiçäk geçiren gepleşiginde, ony ylalaşykdan çekilmezlige çagyrypdyr. Sebäbi munuň Orta Gündogarda ýaraglanyşygyň täzeden möwjemegine we atom ýaraglarynyň öndürilmegine getirmegi mümkin.

Ak tamyň resmileriniň aýtmagyna görä, Trampyň Baş Assambleýada etjek çykyşynyň üns merkezinde duran esasy zat terrorizm bolar diýip çaklanýar.

Birleşen Milletler Guramasyna iň uly maliýe goşandyny goşýan Waşington maliýe goşandyny düýpli çäklendirjekdigini aýdyp haýbat atdy. Bu guramanyň baş sekretary Guterresiň bellemegine görä, bu iş gurama üçin “çözüp bolmajak problema” döreder.

Baş Assambleýa iýun aýynda guramanyň parahatçylygy goramak baradaky 8 milliard dollara golaý bolan ýyllyk býujetini Tramp administrasiýasynyň basyş etmegi netijesinde, 600 million dollar kemeltmek hakda ses berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 19-nji sentýabr maslahatynda çykyş etjek dünýä liderleriň hatarynda Owganystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri-de bar.

XS
SM
MD
LG