Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika: Ýer titremede 210-dan gowrak adam wepat boldy


Mehiko şäheri, 19-njy sentýabr, 2017
Mehiko şäheri, 19-njy sentýabr, 2017

Meksikada bolan güýçli ýer titremede 210-dan gowrak adamyň wepat bolandygyny häkimiýetler aýdýarlar.

19-njy sentýabrda bolan 7.1 magnitudaly ýer yranmasynyň pidalarynyň aglabasynyň Mehiko şäherinde we paýtagtdan günorta hem gündogar tarapda heläk bolandygy habar berilýär.

Ýer titreme 20 million ilatly Mehiko şäherinde binalary ýumurdy we 1985-nji ýylyň weýrançylykly ýer yranmasynyň 32-nji ýyl dönüminde panika döretdi.

Iki milliona golaý adam elektrik üpjünçiliginden we telefon aragatnaşygyndan kesildi.

Prezident Enrike Pena Nieto ýumrulan mekdepde 20 çaganyň we iki uly adamyň öli tapylandygyny, ýene 30 çaganyň we ululardan sekiz adamyň ýitirim bolandygyny aýtdy.

Mundan öň 7-nji sentýabrda Meksikanyň kenarynda bolan 8.1 magnitudaly ýer titreme zerarly 98 adam wepat boldy.

1985-nji ýylda Mehiko şäherinde bolan ýer titremede 10 müň adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG