Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Orsýet: Ýokary derejelerdäki gepleşiklere taýýarlyk maslahat edildi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanyň we Orsýetiň resmileri iki ýurduň arasynda “ýokary derejelerdäki gepleşiklere taýýarlyklaryň gidişini” ýene-de ara alyp maslahat etdiler.

19-njy sentýabrda Orsýet tarapynyň inisiatiwasynyň esasynda Orsýet Federasiýasynyň döwlet sekretary – daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Krasiniň we Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi diýlip, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 19-njy sentýabrda çap eden beýanatynda habar berilýär.

Beýanatda aýdylyşyna görä, söhbetdeşligiň dowamynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň ösüş meselelerine we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň taýýarlyklarynyň gidişine degilipdir.

Orsýetiň resmileri prezident Wladimir Putiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk görülýändigini iýun aýynyň aýagyndan bäri birnäçe gezek habar beripdi.

17-nji sentýabrda Aşgabada sapar eden Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Putiniň Türkmenistana saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjegine ynam baglady.

Emma Putiniň Türkmenistana saparynyň wagty henize çenli mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG