Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika: Güýçli ýer titremäniň pidalarynyň sany 230 adama ýetdi


Adamlary halas etmek boýunça işler, Mehiko şäheri, 20-nji sentýabr, 2017
Adamlary halas etmek boýunça işler, Mehiko şäheri, 20-nji sentýabr, 2017

Meksikanyň merkezinde bolan güýçli ýer titremäniň pidalarynyň sany 230 adama ýetdi. Mehikonyň raýat goragy boýunça agentligi adam ýitgilerine degişli bu maglumaty 20-nji sentýabrda agşam yglan etdi.

19-njy sentýabrda bolan 7.1 magnitudaly ýer titremäniň Mehiko şäherinde we paýtagtdan günorta hem gündogar taraplarda has uly heläkçilige getirendigi aýdylýar.

Ýer titreme 20 million ilatly Mehiko şäherinde binalary ýumurdy we 1985-nji ýylda 10 müň adamyň ölümine sebäp bolan weýrançylykly ýer yranmasynyň 32-nji ýyl dönüminde panika döretdi.

Mehiko şäheriniň häkimi Miguel Angel Mansera 44 binanyň, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň ýumrulandygyny, gazyň syzmagynyň netijesine ýangynlaryň dörändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG